|
Men
ýeke çagym, köplenç, eziz käbämi ýatlaýaryn.
Elli ýyldanam köp wagt geçdi, emma mähriban ejemiò
ýylgyryºlary ºindizem gözlerimiò öòünde. Men ol ýylgyryºy gözlerimi
ýumubam görüp bilýärin, gijäniò tümünde hem.
Ejem uzakly gün halydan düºmezdi. Daragyò
birsydyrgyn sesi, bedew atyò toýnak kakyºy ýaly, garypja öýümizde
ýaòlanyp durandyr. Ertir irden, endigime görä oýanyp, ejemiò haly
dokaýan otagyna barsamam iºläp oturandyr, bizi ýatyrybam iºläp
oturandyr... Meniò haýpym gelerdi, ejem illeriò ejesi ýaly dynjam
almazdy, gezmäge-de gitmezdi... Ejeden aýrylyp, soò-soò akylym
ýetdi, ol görgüli iº bilen derdini ýeòýän eken, iº bilen bizi
bolelinlikde ýaºatjak bolup, gijesini gündiz edip iºleýän eken.
Ýadymda, käte-käte:
— Eje, eje jan, dynjyòy alaýsana, seret,
elleriò ýadap gidipdir — diýerdim. Ol ºonda halysyny goýup,
meni gujagyna alyp, bäbejigi üwreýän ýaly çalaja yranyp,
ezizlärdi. Ýüzüme bakyp, gara gözlerini balkyldadyp ºeýle bir
ýylgyrardy, ana, ºol ýylgyryº ºindem meniò aòymda, kalbymda,
ýüregimde, dünýämde ýaºap ýör... Men onuò onlarça,
ýüzlerçe ýylgyryºyny hakydamda saklap ýörün, haýran galmaly
ýeri, ony ýyllaram, ýellerem meniò hakydamdan süpürip aýryp
bilenok. Men agyr hupbatlar baºyma düºeninde, çykalga tapmadyk
halatlarym ejem janyò mundan elli ýyl ozalky ýylgyryºyny
ýatlaýaryn, ºol pursat onuò mähriban ýylgyryºy kalbyma, dünýäme
çaýylyp, dünýä ezizlenip gidýär, ýadawlygym edil el bilen
aýrylan ýaly bolýar. Men, ertekilerdäki goja kiºi ýaly, ähli
keselimden gutulýaryn. Men, ertekidäki garry ýaly, ºol ýylgyryºyò
güýji bilen altmyº ýaºymdan ýedi-sekiz ýaºly oglanjyga
öwrülýärin. Meniò ruhum algyr guº ýaly, al-asmana pel-pelläp
uçýar, ana, men ºol pursat, adamlar-a beýlede dursun, guºlaryòam,
janly-jandarlaryòam, ösümlikleriòem diline düºünýärin. Ejem
janyò gözlerindäki ylahy nur meniò kalbyma ºuglasyny saçýar, meniò
ömrüm, ýaºaýºym ene ýylgyryºyndan süýjeýär. Ol ýylgyryº
maòa ylahy gudraty berýär!
Ejemden
galan ol ýylgyryºlar meniò hazynam, meniò baýlygym, ol ýylgyryº
ýaly eziz zady men dünýäden zer döküp satyn alyp bilmerin, haýyº
edip, ýalbaryp-özelenip alyp bilmerin, agtaryp tapyp bilmerin!
Eýse, her kimiò ömründe ºeýle ýylgyryº ýokmy?
Käbäò eneòden, kyblaò ataòdan galan gudratly ýylgyryº! Bardyr, köpdür,
ºol ýylgyryºlar bizi ýaºadyp ýörendir. Ýöne, belki, dürli
sebäplere görä, ol ýylgyryºlara ähmiýet berip, baha kesip gören
däldiris...
(337-nji
sah.)
|