Diýdiler
Baºy garly Köpetdagyò nagmasy bar diýdiler,
Mahal-mahal ýanan är deý nagrasy bar diýdiler,
Ýyldyrymlap, gök gürledýän çagbasy bar diýdiler,
Aýlanyp türkmen topragyn, ýagmasy bar diýdiler,
Daglarynda Gorkut ataò paýhasy bar diýdiler.
Tirsek urup ýatan daglaò behiºt kybap jülgesi,
Derelerde seýil eder bulutlaryò kölgesi,
Köpetdagym ýöne dag däl, bu bir bagtyò çüwmesi,
Köýten, Hasar, Balkan dagy — külli türkmen dünýesi,
Daglarynda Oguz hanyò haýbaty bar diýdiler.
Deresinde gaplaò gürlän daglar baºy dumandyr,
Depesinde bürgüt ýerlän daglar mydam juwandyr,
Eteginde iller örlän eziz diýar amandyr,
Çardagy bar Çandybilim — geljek ajap zamandyr,
Bu daglarda Göroglynyò namasy bar diýdiler.
Bir tarapym Garagumum — göçün uran
kerwendir,
Duºman bolup gelene merk, türkmene erk bergendir.
Gahry gelse tüweleýläp, tupan bolup turgandyr,
Meger dünýäò ýaradylºyn gözi bilen görgendir,
Hydyrly çöl — Magtymgulyò halaty bar diýdiler.
(274-nji
sah.)