Görogly

Men ºonda Göroglyny ýatlaýardym. Emma duºmanlar Göroglynyò hem baºyny alyp gitdiler, «Gaýdyp türkmeniò baºy birikmesin!» diýip... Emma... Emma Jygalybeg diri ahyry! Tutuº dessanda Jygalybeg öldi diýlen ýeri ýok ahyry... Meger... meger, Jygalybeg «Türkmende ýene bir är ýigit dörär» diýip, garaºyp ýörendir! Är ýigit, ºir ýigit, zor ýigit gerek, bakna türkmene eýe çykar ýaly! Görogly beg gerek!

(30-njy sah.) 


Göroglynyò düýrme gyljyn, jyzaòy ber, Jygalybeg!
Baºym goýup söweºer men, jygaòy ber, Jygalybeg!..

(31-nji sah.) 


Seljuklar hem Magtymguly, osmanlylar hem Görogly — bular bir-birinden bihabar ýaly-ha görünýän däldir?

(63-nji sah.) 


Meniò kalbym — meniò hakydam Oguz hanyò, Togrul begiò, Görogly begiò we ýene-ýeneleriò ýaºaýan ruhy meýdanydyr.

(74-nji sah.) 


Gyratyny ýüzin salyp barýan Göroglynyò ruhy ýatyr bu toprakda!

(78-nji sah.) 


Taryhyò aýtymynda at dabradyp ýören ata-babalaryòa buýsanyp, olar bilen söhbetdeº bolasyò, derdiniºesiò gelýär, emma olar öz derdi bilen, il derdi bilen gümra. Birden, hol goja daglaryò degresinden kalbyòy heýjana salyp, daglary owsundyryp Görogly begiò owazy gelýär:

Geliò, begler, meý içeliò,
Bir zaman köòül açalyò,
Ganym kowup, ýol geçeliò,
Gadym türkmen ýoly bilen!

Göroglynyò alysyny,
Doldur, ber pyýalasyny,
Külli türkmen balasyny,
Men söýer men, ili bilen!

 «— Görogly, Görogly beg, men munda!» — diýip gygyrýarsyò! Görogly beg seni eºidenok! Emma sen onuò sesinem, Gyratyò toýnak kakyºynam ýanyòda duran ýaly eºidýärsiò. Gözleriòe ýukajyk ajy ýaº aýlanýar. Göroglynyò duran daglaryna ümez ýaly bolup duman çökýär...

(96-njy sah.) 


Görogly begiò ruhy:

   Anyk ýoly bar millet bagtlydyr. Milletiò bagty Watanyny, ýurduny batyrgaý gorap bilmegindedir. Milletiò bagty bu gün seniò eliòde. Sen türkmen milletiòe altyn ýaºaýºyò güzerini görkez, ol seniò taglymatyò bolar, ol seniò ýoluò bolar Saparmyrat!  — diýdi.

(148-nji sah.) 


Bu gün Görogly begiò küýsän döwletine, döwletliligine ýetdik.

(153-nji sah.) 


Görogly gabyrdan ýagty jahana çykan bolsa, men ýagty jahana harabalykdan çykdym.

(153-nji sah.) 


Görogly meniò ykbalymda Ýaradanyò ýaradan dünýäsinden baºga bir dünýä açdy, ol dünýäde adalat dabaralanýardy. Men dünýäde adalatdan beýik zadyò ýokdugyna akyl ýetirdim.

(156-njy sah.) 


Görüp otursam, men ýetim däl ekenim! Oguz han ýaly atasy, Gorkut ata ýaly mugallymy, Görogly ýaly agasy, Magtymguly ýaly danasy bolan adam, heý, ýetim bolarmy?

(156-njy sah.) 


Türkmen taryhynyò üçünji Görogly eýýamy türkmen milletiniò ýaòynyò dünýä ýaýran döwri.

(157-nji sah.) 


Görogly begiò taglymaty halkyò hakydasynda Görogly ýoly bolup galypdyr.

(164-nji sah.) 


«Göroglyny»  okap görüò: tebigat bilen ºeýle näzik, mährem gatnaºyklary görersiòiz. Bu ataly ogluò gatnaºyklaryny ýada salýar.

(180-nji sah.) 


«Göroglyny»  okap görüò: tebigat bilen ºeýle näzik, mährem gatnaºyklary görersiòiz. Bu ataly ogluò gatnaºyklaryny ýada salýar.

(192-nji sah.) 


Beýik «Görogly»  eposymyzda hem men-menligiò nämä eltýändigini ata-babalarymyzdan galan bu miras köre hasa edip görkezýär.

Görogly beg pasly-baharda kyrk ýigidi bilen seýli-seýrana çykyp, kyrk ýigidinem Köse baºlyklaýyn «Bize kyrk dürli aw getir»  diýip, ºikara ugradyp, ºerap içip baºlaýar. Bir pyýala, iki pyýala, üç pyýala. Ogly Öwez oòa artyk içirmejek bolýar. Görogly:

— Haý, Öwez jan, sen näme diýsem rastdyr diýiber, gaòryºyma gaýtsaò, kelläòi hyzlandyryp ibärin!

— Rastdyr, aga.

— Nowºirwan adylam men ýaly adyllyk bilen ýurt soran däldir.

— Rastdyr, aga!

— Hatam Taýam men ýaly ýurduna adyllyk bilen aº paýlan däldir.

— Rastdyr, aga!

— Hezreti Aly hem men ýaly agyp-dönüp söweº edip iº bitiren däldir!

— Haý, aga gatyrak gitdiò. Gorhana gol urduò!

Görogly beg meýiò mesligi bilen gaty gidenini bilip, kyrk ýigidiò ýapynjasy bilen üstüni ýapdyryp, uklap açyljak bolup, Arap Reýhanyò goluna düºýär. Arap Reýhan men-menlik zerarly gola düºen Göroglyny ýurduna alyp barýarka öwünýär. ªonda Görogly öz duºmanyna-da pent edýär:

Her menzilde guzy gapdym,
Baryp Yssambyly çapdym.
Men «men-menlik»  edip tapdym,
Arap sen men-menlik etme!

Men-menlikden baºyna bela gelen Görogly hut öz duºmanyna hem men-menlik etmezligi nesihat edýär. ªol men-menligem Arap Reýhanyò heläk bolmagyna, Göroglynyò aman dilemegi bolsa, onuò azat bolmagyna eltýär.

(193-nji sah.) 


Görogly, Alp Arslan ýaly adamlar ýöne adamlar däl, olar keramatly adamlar.

(197-nji sah.) 


Deresinde gaplaò gürlän daglar baºy dumandyr,
Depesinde bürgüt ýerlän daglar mydam juwandyr,
Eteginde iller örlän eziz diýar amandyr,
Çardagy bar Çandybilim — geljek ajap zamandyr,
Bu daglarda Göroglynyò namasy bar diýdiler.

(274-nji sah.) 


Göroglynyò eline dutar almasy ýöne ýere däl, sebäbi bu döwrüò ruhy dutar bilen beýan edilýärdi. Bu eýýamyò ruhunda daº ýarýan, dagy ýykýan gujur jemlendi. Ol diòe bir ýeriò ýüzünde haýdaman, eýsem gögüò ýüzüne-de göterildi. Oguz hanyò harby-syýasy tizligi medeni-taryhy tizlige öwrüldi, bu döwrüò ruhy ýolbaºçysy Görogludyr.

(292-nji sah.) 


Göroglynyò,  Togrul begiò agyp-dönüp söweºen ýerlerine baryp, Pyragynyò söýen daglaryny görüp söýüò!

(340-njy sah.) 


Käte surnugyp ýadaýan. ªeýle pursatda athanama — teblehana barýaryn. Meniò aýak sesimi tanap, gyr bedewim hokranyp, kiºòäp bolubilenini bolýar. Teblehananyò içinde aýlanyp, pyrlanyp maòa hoºallygyny bildirjek bolýar. Ýanyma gelýär. Men onuò baºyny sypap, ýallaryny darap, onuò alma ýaly gözlerine garaýaryn: Göroglynyò «Diliò bolsa sözle, Gyrat» diýen setirleri ýadyma düºýär. Emma seret, seret, ol dilsizem ähli begenjini, ºatlygyny gözleri bilen düºündirip dur. Ony gujaklaýasyò gelýär hem ºol pursat Göroglynyò näme üçin ähli zatdan Gyratyny eziz görendigine, «Perzent dilemedim, seni diledim» diýen setirlerine düºünýärin...

(341-nji sah.)