|
Häzirki zaman dünýäsiniò
iò wajyp meseleleriniò biri — ol hem durmuº-ykdysady,
tehnologik we senagat taýdan ösüºi birmeòzeº derejede bolmadyk
döwletleriò arasynda deòhukukly, hyzmatdaºlykly we adalatly
gatnaºyklaryò ýola goýulmagydyr. Onlarça, kähalatlarda ýüzlerçe
ýyllaryò dowamynda toplanan meseleleriò bu gün agyr labyr bolup
boýnundan ineni üçin, tutuº halklaryò we yklymlaryò käte-käte
öz ykballaryndan zeýrenmek duýgusyny baºdan geçirýändikleri
üçin olarda günä ýokdur. Henize çenli hiç wagt garyp we baý
ýurtlaryò arasynda baýlyklaryò paýlanyºynda we peýdalanyºynda
häzirki ýaly ºeýle aradaºlyk bolmandy, henize çenli ºeýle
aradaºlyk zerarly, tutuº durnuklylyk we howpsuzlyk ulgamyny
opurjak bolýan howp ºeýle aýdyò duýulmandy. Häli-ºindi
jahanyò ha o çetinde, ha beýleki çetinde tutaºýan harby çaknyºyklaryò,
etniki özara oòuºmazlyklaryò düýp köki durmuº-ykdysady meýdanda
bolsa nätjek? Medeniýetleriò, dinleriò, siwilizasiýalaryò çaknyºmagyny
dünýä derejesine çykarmak, häzirki zamanyò ºertlerinde «haçly
ýöriºler» pikirini dile çolamak – diòe düºünjeleriò aýnadylyp
ulanylmagyndan baºga zat däldir. Belanyò körügi Günbataryò we
Gündogaryò garaýyºlarynyò we gymmatlyklarynyò kes-kelläm bir
ýere sygyºmaýanlygynda ýa-da dinara gapma-garºylyklarda däldir,
eýsem-de häzire çenli saklanyp galan halkara ykdysady gatnaºyklaryò
ulgamynyò häzirki görnüºinde mundan buýana syýasy ýagdaýlara
we Zeminiò ilatynyò isleglerine bap gelmeýänligindedir. ªu hem
XXI asyryò häsiýetnamalarynyò ýene biridir.
(279)
Häzir dünýäde bolup
geçýän ýagdaýlaryò biri-biri bilen baglydygy, biri-birine garaºlydygy
hemmelere aýdyòdyr. Bu ýagdaýlaryò ösüºi «raýat-döwlet-sebit,
yklym-bütin dünýä-adamzat» diýen ugur boýunça hatara düzülýärler.
ªonuò üçin hem biz her bir döwlet, her bir millet, goý, ol uly
ýa kiçi bolsun, öz tutuº jogapkärçilik derejesine düºünmek
bilen, bu günki gün ägirt hereketiò barºyna hakykat ýüzünde
edil ºu kysmy yzygiderlilikde täsir etmäge ukyplydyr diýip hasap
edýärin. Meselä hut ºeýle çemeleºmäge ygrarlylyk bolsa Türkmenistanyò
dünýä ösüºiniò iò bir wajyp, jygba-jygly meselelerini, özüniò
milli bähbitleri bilen bagly ägirt wezipelerini çözmekdäki
tutumlaryny hem-de hereketlerini kesgitleýär. Olarda ykdysady ýa-da
syýasy haýýarlyga we eden-etdilige orun bolmaly däldir, halkara
guramalary, aýry-aýry ýurtlar ýa-da maliýe merkezleri
tarapyndan ýardam berilmegi döwletiò özbaºdaklyk hukugynyò
kemsidilýändigini aòladyp bilmez. Güýç hakykaty hakykatyò
güýjüne orun bermelidir. Bu hem täze eýýamyò özboluºlylyklarynyò
ýene biridir. Türkmenistan ºeýle çemeleºmek pikirinde öòem
durupdy, häzirem durýar: ºeýle çemeleºmek türkmen halkynyò
ahlak aýratynlygyna, onuò döwlet bitaraplygy ugrundaky hereketiniò
gözbaºynda duran syýasy pelsepesine dogry gelýär.
(283-284)
|