Türkmen geýimi

Gelin-gyzlaryò geýimi
Türkmende geýim-gejim, milli egin-eºik — biziò milletimiziò diòe daºky görnüºi däl, ol tebigat bilen hem baglydyr. Türkmeniò milli geýim-gejimi baºga zatlary hem ýerine ýetirýär. Türkmenistan yssy ýurt. Türkmeniò dabara bilen gelýän reòdar, hoºboý ysly, örän owadan ýazynyò ömri gaty gysga. Bir-iki aý. Ýylyò galan pursaty maýsasy samana aýlanan sähra sary gussa, sary tukatlyk bolup ýatyr. ªol sebäplem türkmen gelin-gyzlary ýazyò ýiti, açyk-ýaºyl, gyzyl, al, melewºe, gök reòklerinden bolan geýim-gejimleri geýýär. ªeýdibem, türkmen gelin-gyzlary türkmeniò gysgajyk ýazyny ýyl boýy dowam etdirýär. Türkmen özi üçin öndürýän keteni, begres, daraýy, gyrmyzy donluk, çäkmenlik matalary dokamagy ºeýle bir kämil derejä ýetiripdir weli, hatda ýigriminji asyryò ösen dokma senagaty hem olaryò milli geýimlerini çalyºdyrar ýaly kämil matany öndürip bilmedi.


Ýigitleriò geýimi
Türkmen ýigitleriniò geýýän toý geýimleri hem ýazyò reòkinde. Söweº güni türkmen ýigitleri mele çäkmenli, mele silkmeli. Türkmen kazylyk atlary hem mele bolýar. Ol reòkdäki geýim-gejimler bolsa, tebigatyò reòki bilen dessine garyºyp gidýär. Jahankeºdeleriò türkmen ýigitleriniò söweº usuly barada: «Olar hamana ýerden çykan ýaly birden peýda bolýarlar, gerek wagty hem ýere giren ýaly zym-zyýat bolýarlar» diýip ýazmasynyò syry nirede eken.

(181-nji sah.) 



Türkmeniò silkme telpegi, mele çäkmeni, gyrmyzy dony we aýallaryò börügi

Türkmeniò aýratyn biçüwde tikýän çäkmenleri, gyrmyzy donlary türkmeni daýaw, berdaºly, eginlek görkezýär.

Silkme telpek, uly aýal börükleri yssydan goraýar.

(182-nji sah.)