Mahmyt we Masut Gaznaly


Gaznaly Türkmen döwletiniò baýdagy

Daòdanakan söweºinde tutuº Aziýa sebitinde däl, dünýäde iò bir kuwwatly türkmen döwletiniò soltany Mahmyt Gaznalynyò ogly soltan Masudyò goºunyny çym-pytrak eden türkmen hanlarynyò kyrka golaýy bir saçagyò baºynda jem bolup, täze türkmen döwletini yglan edýärler.

(59-njy sah.)


Mahmyt Gaznalynyò, seljuk türkmenleriniò soltanlarynyò, Köneürgenç soltanlygynyò döwründe bütin yslam dünýäsinde ylmyò, edebiýatyò, sungatyò kerwenini çeken türkmen, dünýä türkmen medeniýetini tanatdy.

(61-nji sah.)


Seljuk beg, onuò ogullary, agtyklary samanlylaryò, ilek hanlaryò we Mahmyt Gaznalynyò garºysyna göreºmeli bolýarlar. Seljuklar türkmenleriò kynyk tiresindendir. Olar 1040-njy ýylda türkmenleriò gaýa tiresinden bolan Mahmyt Gaznalynyò döreden döwletiniò leºgerlerini gadymy Mary ºäherinden 70 kilometr uzaklykdaky Daòdanakan galasynyò ýanynda ýeòýärler. ªol ýeòiºden soò iki doganyò – Çagrydyr Togrul begiò döreden täze döwleti kuwwatlanyp ugraýar. 

(112-nji sah.)


Türkmenleriò gaýa taýpasyndan bolan Söbük hökümdaryò ogly Mahmyt Gaznaly musulman taryhynda uly hökümdarlaryò biri hökmünde tanalýar. Ol yslam dinini ýaýratmakda we goramakda çäksiz uly iºleri bitiripdir. Mahmyt Gaznaly özara uruºlary döreden kiçi inisi Ysmaýyly ýeòýär, Samanlylaryò nesilbaºysy ejiz hökümdarlary özüne garaºly edýär. Horasana we Gazna eýelik etmekligiò ygtyýar beriji hatyny Bagdat halyfyndan alýar. Halyf «Eýeçiligiò mundan beýläk özüne degiºli däldigi» barada ýazmaça görkezme berýär.

Güýçli goºun toplap, ilek hanlar bilen, Samanlylaryò güýçden gaçan döwleti bilen ylalaºyk baglaºyp, Mahmyt Hindistana ýöriºlere baºlaýar. 1001—1026-njy ýyllar aralygynda ol on ýedi gezek hindi düzlüklerine aralaºýar. Öz ýöriºlerini giòeldip, Kaºmiriò, Penjabyò çäklerinden çykyp, Kanujy, Muttruny (1018 ý.), 1024 (415)-nji ýylda Güjeratyò paýtagty Anhalwary we Somnaty basyp alýar. Bu ýöriºler basybalyjylykly häsiýetde bolup, talaòçylygy we butparazlygy ýok etmeklige niýetlenipdir. «Butlary ýumrujy» diýip at alan Mahmyt öz döreden döwletiniò paýtagty bolan Gazna dolanýar, hindi buthanalaryndaky gymmat bahaly baýlyklary hem özi bilen alyp gaýdýar. Emma, ºol bir wagtda, bu ýöriºler düýpli yz galdyrýar; Penjap düýpli dyza çökerilýär. Güjerat basybalyjynyò bellän pajyny kabul edýär. Hindi goºunlaryndan baºga-da Mahmyt Ilek hanyò üstüne çozýar, Gury (1010 ý.) boýun egdirýär we Murgabyò boýlaryny eýeleýär (1012 ý.); hatda 1016 (407)-njy ýylda uly ºäherler Samarkandy we Buharany özüne birleºdirýär. Hökümdarlygyò ahyrynda ol özüniò ilkibaºda paýhassyzlyk bilen hemaýat eden seljukly türkmen harby serkerdeleri Togrul beg we Çagry beg tarapyndan howp abanýandygyny duýýar; ýöne olar 1027 (418)-nji ýyla çenli öz wepalylygyny saklaýarlar. Olaryò gutarnykly ºöhrat gazanyºlaryna çenli Mahmyt 1030 (421)-njy  ýylyò baharynda dünýäden ötýär.

Mahmyt Gaznalynyò ylma, sungata we edebiýata sahylyk bilen eden hemaýaty döwlet adamy we harby serkerde hökmünde gazanan ºöhratyndan pes däldir. Ol Gaznada ýokary mekdebi esaslandyrýar; onuò sahylygy üçin ajaýyp edebi zehinler (olaryò hatarynda Ferdöwsi hem bar) emele gelýär. Gazna ºol döwürdäki ähli ºäherlerden özüniò köºkleri we metjitleri, suwaryº we jemgyýetçilik desgalary babatda tapawutlanýar.

Mahmydyò eýelän çägi Lahordan Samarkanda we Yspyhana çenli uzapdyr; ýöne ol tiz wagtdan soò, demirgazyk welaýatlaryndan jyda düºýär. Birnäçe ýyldan soò seljukly türkmenler Merwiò (Mary) töwereginde, Daòdanakanda 1040-njy ýylda Mahmydyò ogly Masudy ýeòliºe duçar edýärler we Gaznalylaryò hökümdarlygyny syndyrýarlar.

(140-njy sah.)


Hyrat bilen Gaznanyò arasyndaky daglyk ýerde bolan Gur welaýatynda irki döwürlerden bäri az sanly, ýöne hakyky özbaºdak nesilºalyklar hökmürowanlyk edipdir. Adatça, özleriniò mesgeni hökmünde Firuzkuh galasyny saýlapdyrlar. Mahmyt Gaznaly bu ýeri 1010 (401)-njy ýylda boýun egdirýär... Guruò hökümdary Seýfeddin Sury 1148 (543)-nji ýylda Gaznany eýeleýär. Emma indiki ýyl Bährem ºa öz paýtagtyny gaýtadan eýeleýär we ºonda çozuºyò sebäpkäri gynalyp öldürilýär. Bu ikinji wagºyçylykly hereket üçünji doganlary Alaýeddin Söýüniò berk ar almak duýgusyny öjükdirýär. Ol dünýäni ýandyryjy diýip at alypdyr, ºol gazaby bilen ol butlary ýumrujy Mahmydyò ajaýyp ºäherini oda we gylyja berýär.

(143-nji sah.)


Türkmen serkerdeleri Togrul begdir Çagry begiò güýçlenip baºlamagy Magryby-Maºrygy sorap, Hindistany boýun egdirip ýören türkmen soltany Mahmyt Gaznalynyò gonjuna gor guýýar. Ol seljuk türkmenleriniò ýagdaýyny bilmek üçin olaryò hanlarynyò birini görme-görºe çagyrýar. Ysraýyl han on müò atlysy bilen soltanyò dergähine ugraýar. Soltan dessine habar ýollap, «özüne kömek gerek däldigini, diòe görme-görºe çagyrýandygyny»  ýetirýär. Ysraýyl üç ýüz atlysy bilen görme-görºe gelýär. Soltan ony mynasyp garºylap:

— Eger bize kömek gerek bolaýsa, näçe ýygyn berip bilersiòiz?  — diýip, Ysraýyldan soraýar. Ysraýyl sagdagyndan bir oky çykaryp:

— ªu oky ýollasaòyz, Balkandan otuz müò goºun geler!  — diýipdir.

— Eger köpräk gerek bolsa?!

— Onda ºu oky ýollasaòyz, ýene on müò atly-ýaragly ýigit geler.

— Eger has köpräk goºun gerek bolsa?!

— ªu oky Balkan daglaryna iberseòiz, ýüz müò goºun geler!

— Has köp goºun gerek bolaýdy-da?

   ªuny Türkmenistana iberseòiz, bäº ýüz müò goºun diýseò-de geler!  — diýip, Ysraýyl baºga bir ok berýär.

(156-njy sah.)


Seljuk türkmenleri hem atarman, çaparman, batyr, merdana halk. Eýse, Mahmyt Gaznaly seljuk türkmenlerini näme diýip öz ýurduna — Horasana çagyrýar? Köp taryhçylar Mahmyt soltan öz türkmenlerine ýagºylyk edip, çagyrandyr öýdüp ýalòyºýarlar. Mahmyt soltanyò asly hem türkmen, onuò goºunynyò aglabasy hem türkmenler. Horasanda türkmenler ºäher-ºäher, oba-oba bolup ýaºaýar. Merwde, Abywerdde, Nusaýda, Sarahsda, Amulda, Balkanda, Zemde, Mawerannahrda, Müògyºlakda, Wasda türkmen ýaýylyp, ýaýrap otyr. Mahmyt soltan Hindistana on ýedi ýola ýöriº edýär, onuò gaznalary altyn-kümüºden doly. Onuò öòünde durup biljek güýç ýok, onuò döwletine howp salyp biljek güýç weli bar. Olar öz türkmenleri. Mahmyt soltanyò seljuk türkmenlerini Jeýhun derýasyndan geçirip, göçürip getirmeginiò aòyrsynda örän ullakan syýasy pirim ýatyr. Ol müòlerçe ýyllap «Agzyny alart-da, höküm sür» pelsepesiniò oýun çöpi. Seljuk türkmenleri göçüp gelýär, emma ozaldan oturan türkmenlerden kim oòa ýer-ýurt berjek, öri berjek? Seljuk türkmenleri ýaºamak üçin göreºmeli! Kim bilen göreºmeli? Elbetde, parahat oturan merwli ýa sarahsly, abywerdli ýa nusaýly türkmenler bilen ýer-ýurt üçin göreºmeli. Seljuklary hut soltanyò özi ilerläp çagyrdy, diýmek, olar ozalky türkmenlerden arzyly. Ýeri-ýurdy bolsa olaryò özleri tapjak! Diýmek, uruº boljak! Türkmenleriò öz aralarynda! Diýmek, Mahmyt soltan Hindistana arkaýyn ýörüº edip biljek, çünki ol türkmenleriò arasyna urºuò közüni oklady. Ýene bir ýola janyny barlamak üçinem ol seljuk türkmenleriniò serkerdesi Arslan hany görme-görºe çagyryp, bendi edýär. Hindistanda Kelejar galasyna taºlanan Arslan han parahat zamanda aköýli hökmünde saklanýar. Soltanyò pikiriçe, Arslan han onuò gol astyndaka seljuklar soltana garºy baº göterip, ýer-ýurt dawasyny edip bilmeli däl. Seljuklar diòe Horasanda ýaºaýan türkmenler bilen urºaýmaly. Olara baºga ýol ýok!

Emma zandy asylly seljuk türkmenleri ýer-ýurt üçin öz türkmenleri bilen söweºe girmeýär, olar hut soltandan kanuny ýer almagyò ugruna çykýarlar. Soltan olara ýer-ýurt berýär, emma Mahmyt soltan ölüp, ýerine Mesut soltan bolanyndan soò, soltanlygyò syýasaty üýtgeýär. Seljuk türkmenleri bilen Masudyò arasyna uruº-jeò düºýär. Mesut soltan beýik serkerdesi Begdogdy hajyby agyr goºun bilen seljuk türkmenleriniò üstüne ugradýar. Taryhy çeºmeler Begdogdy serkerdäniò türkmendigini nygtaýarlar. Batyr han edermen Begdogdy  seljuklaryò harby pirimine sezewar bolýar. Seljuk begleri söweºde gaçyp uruºmak usulyny ulanýarlar. Oba-kentler boºap galýar.

(220-nji sah.)


Bu döwleti esaslandyranlar Oguz hanyò iò uly agtygy Gaýadan gaýdan nesillerden bolup, 962-nji ýylda Gazna ºäherine gelip, Gazna döwletini esaslandyran, döwleti döwlet eden soltan Mahmyt Gaznalydyr.

Soltan Mahmyt Gaznaly gysga wagtyò içinde öz ýygynyny gaty güýçli düzýär, musulman oguzlaryò uly bölegini ordasyna çekip, goòºy ýurtlara yslam dinini ýaýmagyò aladasynda bolýar. Öz döwründe güýçlenmegiò zerurlygy hökmünde yslamy ýaýmak, ýurduòy giòeltmek esasy maksat bolupdyr. Onuò döwletiniò ýeri gysga wagtyò içinde Horasana, Köneürgenje, Yraga, Balha, günorta-gündogar Eýrana, demirgazyk Hindistana çenli giòeýär.

Belli bir wagtda soltan Mahmyt Garahanly döwletiniò esasy bölegi bilen gowy gatnaºykda bolýar. ªol mahal ol Mawerannahrda özüni görkezen Seljuk serkerdäniò ogullary bilen gidiºýär. Onuò ogly Arslan hany zyndana atdyrandan soò, onuò ýigitlerine bagly oguzlaryò uly bölegine Horasana göçüp barmaga rugsat berýär. Emma Seljuk serkerdäniò ýetiºip gelýän agtyklary Çagry bilen Togruldan birahat bolan wagtlary az däl. Soltan Mahmyt Garahanlylaryò içindäki dogan-dogana bolan çaknyºygyò öòüni alyp: «Biri-biriòize duºmançylygy taºlaò. Hanjaryòyzy gynyòyza salyò, her haýsyòyz öz welaýatyòyz bilen boluò» diýip, olary ylalaºdyryp bilse-de, özi ölenden soò, ogullary tagt dawasyna baºlaýar.

Soltan Mahmydyò ogly soltan Mesut tagta geçenden soò, onuò esasy iºi Horasan üçin seljuk türkmenleri bilen çaknyºmak bolýar. Iki türkmen tiresi Oguz ýurdunyò üstünde ilki Täk (Durun) galanyò töwereginde 1038-nji ýylda söweºýär, ondan kän wagt geçmänkä, Sarahs töwereginde ýene çaknyºýarlar. Bu iki söweºiò netijesi seljuk türkmenleriniò ýeòºi bilen gutarýar. Ahyry 1040-njy ýylda Daòdanakan söweºinde soltan Mesudyò ýygyny seljuk türkmenleri tarapyndan derbi-dagyn edilýär. Bu söweºden soò Horasan, Eýran, Köneürgenç, Mawerannahr seljuk türkmenleriniò eline geçýär. Gazna döwleti ondan soò gaty garyºyk ýagdaýda ýaºaýar, esli wagt bu döwlet seljuklara tabyn bolup galýar.

(224-nji sah.)