Garajaoglan


Erkanalygyny goran türkmen ýurdunda uruº adaty ýagdaýdy. ªol sebäplem türkmen edebiýatynyò genji-hazynalary bolan «Gorkut atanyò kitaby», «Görogly», «Döwletýar»  eposlary, «Ýusup-Ahmet»  dessany, Ýunus Emräniò, Garajaoglanyò, Burhanetdin Siwaslynyò, Baýram hanyò, Abdyrahym hanyò, ªabendäniò, Andalybyò, Magrupynyò, Magtymgulynyò, Seýdiniò, Zeliliniò, Mollanepesiò, Keminäniò, Mätäjiniò ähli eserleri türkmeniò ýanyp duran watanparazlygy, merdi-merdanalygy, edermenligi, gahrymançylygy baradaky eserlerdir. 

(189)


Halkymyz göwni ýeten kiºisine är diýýändir. Är ady her bir garadan gaýtmaza, gözsüzbatyra dakylmaýar. Är diýen ady göterýän adamda batyrlyk, edermenlik, halallyk, ynsanperwerlik, sahylyk ýaly onlarça ýagºy häsiýetler bolmaly. Är sözüniò asly ary sözünden gelip çykýar. Garajaoglan aýdýar ahyryn: «Ary türkmendir aslymyz»  diýip. Türkmeniò är sözi dünýä ýurtlaryna ser, her, gerr görnüºde ýaýrandyr.

(198)