Enweri


Seljuk soltanlary zamanasynda türkmenleriò aga-ýana döwran sürüp ýaºan döwründe soltan Sanjar Enweriniò bir rubagysyny okap görüpdir-de, ony köºge çagyrypdyr.

Pelegiò gerdiºi, melgun dünýesi,
Azap berip köp çekdirdi külpeti.
Ýerden-gökden gelýän bela soraýar:
«Niredekä Enweriniò külbesi?!»

Soltan Enweriniò rubagysyny okap bolýar-da:

— Eý, ºahyr, ähli bela-beterler diòe seniò öýüòi sorag-ideg edip, seniòkä gelýän bolsa, täleýiòden nalap oturman, oýlan. Meniò özümde bir günä bar bolaýmasyn diý. Sebäpsiz çöp baºy gymyldaýan däldir. ªol gymyldaýan çöp seniò bolºuòdan habarlydyr — diýipdir.

Enweri soltanyò näme diýmek isländigine — kül üstünde otursa-da, göwnüniò Kap dagyndadygyny, islegi bilen ýaºaýºynyò deò gelmeýändigini, oòºuksyzlygyny, bir ýerde uzak durmaýandygyny göz öòünde tutýandygyna düºünipdir.

(307-308)


Seljuk türkmenleri zamanasynyò beýik türkmen ºahyry Enweri kalby duýgudan lummurdap duran çaglary ýagºyzada duºýar. Ýagºyzada:

— Allanyò eradasy bar, sora, göwün islegiò ºu demde wysal bolar — diýipdir.

— Meniò islegim wysal boljak bolsa, käbäm enem bilen, mähriban atamyò didaryny bir pursat görkeziò, goý, olar öz balasynyò ölmän, har-hor bolman adam bolandygyny görsünler, baky dünýäde ynjalyk tapsynlar — diýip, Enweri haýyº edipdir.

Ýagºyzada Hakyò buýrugy bilen Enwerä enesiniò hem atasynyò didaryny görkezipdir. Olar didarlaºyp, bagtyýar bolupdyrlar.

Ýagºyzada:

— Sen baýlyk, soltanlyk soran bolsaò-da berilýärdi, emma has mukaddes zady soradyò. Bar, saòa ynsan göwünleriniò ºalygyny berdik — diýipdir.

ªahyr Enweri soltan Sanjaryò penasynda külli seljuk türkmenleriniò, arap-ajamyò ajaýyp ºahyry bolýar. Ol pygamber hasaplanýan üç ºahyryò biridir.

(322)


Türkmen entek beýik ºahyr Enwerini az bilýär. Men mahal-mahal oturyp: «Enweri ata-ene didary babatda müò kerem mamla, ºu mahal maòa atam-enem didaryny görkezseler, barymy bererdim» diýip oýlanýaryn...

(324)