Beýik
akyldarymyz Gorkut ata Türkmeniò döreden pähimleriniò içinde üç
sany pähime aýratyn ünsüòizi çekeýin.
Patyºa haky — Taòrynyò hakydyr.
Ata haky — Taòrynyò hakydyr.
Ene haky — Taòrynyò hakydyr.
Hak sözi hukuk diýen söz bilen manydaºdyr, bir zatdyr.
ªeýdip, türkmen ºu dünýäde, Ýeriò ýüzünde, adamzat
jemgyýetinde Taòrynyò hukugyny diòe ºu üç ºahsyýete —Patyºa,
Ata we Enä beripdir. Patyºanyò hukugy her bir raýatyò onuò öòündäki
borçlarynyò bardygyny aòladýar. Ene bilen atanyò hukugy perzendiò
olaryò öòünde borçlulygyny aòladýar.
Borç diýmek bolsa, bergi diýmekdir.
(311)
Perzent il
hataryna goºulyp bileni üçin ata-enesine baglydyr, minnetdar
bolmalydyr.
(311)
Adam dünýä
ineni üçin Ýaradana alkyº okamalydyr, adam bolup ýetiºeni üçin
hem ene-atasyna minnetdar bolmalydyr.
(311-312)
Emma ýaºlygyò
badyhowalygy ºeýle: ol öz-özünden adam bolaýandyryn öýdýär. Diòe
özi ýetiºip, maºgalaly, çaga-çugaly bolandan soò, ene-atasynyò
özi üçin nämeleri edendigine akyl ýetirýär. ªonuò üçinem,
biziò türkmenlerimiz ºu ajaýyp, manysy eger-eger öçmejek pähimi
döredipdir:
Eklegeniò
gadyryny ekläniòde bilersiò,
Saklaganyò
gadyryny saklanyòda bilersiò.
Eklemek, saklamak diòe maddy taýdan üpjün etmek däldir. Bu
hossarlyk etmekdir.
(312)
Perzendiò
bagty ata-enesine goýýan hormatyndadyr
Ata-enäniò
gadyr-gymmaty ýaºyò geçdigiçe artýar. Herki zadyò gadyr-gymmaty
hakda biz ýitirip, soòundan oýlanýarys. Ýöne türkmen ogul-gyzlary
ata-enäniò gadyryny turuwbaºdan bilmelidirler. Perzendiò bagty
ata-enesine goýýan hormatyndadyr. Bu dünýä gelmek bagtdyr.
Allatagalanyò eçilen ömür bagtyny hakyky ykbal bagtyna öwürmek
adamyò diòe özüne baglydyr. Durmuº — Allatagalanyò
bize eçilen bagt meýdanydyr. Bu meýdanda gül-gunçaly, many-mazmunly
döwran sürmek biziò diòe bir hukugymyz däl, eýsem borjumyzdyr hem.
(314)
«Men
enäniò mährine, atanyò hossarlygyna zar bolup ulaldym»
Beýik
Allatagala maòa bu dünýäde ýaºamak bagtyny berdi, emma men enäniò
mährine, atanyò hossarlygyna zar bolup ulaldym. ªonuò üçinem men
ene-atanyò gadyryny has ir, entek özüm perzent ekläp-saklamankam hem
bilýärdim. Men deò-duºlarymyò baºyny atanyò hossarlyk gollary
sypalanda, kemsinipdim. Men deò-duºlarymyò öòünden atalary ýylgyryp
çykanda, kemsinipdim.
Emma derdini
beren Alla dermanyny hem berýän eken. Hudaý maòa ýetimlik bilen
birlikde kemsinmeleri, mätäçligi we ýalòyzlygy ýeòip geçmäge beýik
ruhy güýç-kuwwat hem berdi. Meniò ata-enem hem, hossarym hem Alla,
soòam eziz halkym boldy. Indi bolsa horlukdan doly ºu geçen ýolum,
özgeleriòkiden tapawutlanýan ömür tejribäm nämäniò nämedigini,
ata-enäniò, Watanyò nämedigini özgelere öwretmäge maòa hukuk
berdi.
Eziz perzendim!
Ata seniò Alladan soòky ikinji hossaryòdyr.
(314)
Asylly iºleriò
bilen ene-atanyò gowy perzent ýetiºdirendiklerini subut etmeli
Üçünji gala — seniò
öz saýlan söwer ýaryò bilen guran öýüòdir. Bu seniò gül-gunça
bolup, many-mazmun bolup açylmaly galaòdyr. Sen bu galada ata-eneòe
herdem minnetdar bolmalysyò, olara minnetdarlygyòy bildirip durmalysyò,
asylly iºleriò bilen olaryò gowy perzent ýetiºdirendiklerini subut
etmelisiò. Asyllylygyò, mertebäò, iºiò, hyzmatlaryò, hormatyò
olaryò ömürlerine ömür goºar. Her günki berýän taòry salamyò,
berýän goldawlaryò, hoº sözleriò bildiren minnetdarlygyò bolar.
ªeýtseò, iýen duzuòy hakladygyò, alan mähriòi özüòe siòdirdigiò
bolar.
(315)
Sen
ataò mirasdüºerisiò, ataò diòe baýlygy däl, at-abraýy, biabraýlygy
hem saòa miras galýandyr.
Ataò maly
terekä salnar, emma abraýy ähli doganlaryòyza bölünmän,
bitewiligine geçer.
Ataò
kimdiginden utanma, «Atasyndanam oòat» diýdir, ºoòa buýsan. Atasyça
ýok diýlerinden utan.
Ataò bir damja
tohumyndandygyòy unutma.
Ataò bolmasa,
sen hem bolmazdyò, ekmedik bolsa, dünýä gelmezdiò. Seni gaýyplykdan
barlyga getiren ata-eneòdir.
Ataò seniò öòki
«meniòdir».
Ataòy äsgermezlik — özüòi äsgermezlikdir, ataòy
sylamazlyk — özüòi sylamazlykdyr. Ataòa näme ýagºylyk
etseò, özüòe ýagºylyk edeniòdir.
(317)
«Ataò
it bolsa, ýalakda naharlan!»
Men
ata-ogul gatnaºyklary hakda köp oýlanýaryn. Türkmende «Ataò it
bolsa, ýalakda naharlan!» diýen bir pähim bar. Gadym-gadym zamanda
bir adam ýagºyzadanyò gazabyna duçar bolupdyr. Ýagºyzada oòa:
— Herne
it bolup çyòsaýasyò-da — diýip, gargapdyr. Hudaýyò
gudraty bilen ol kiºi ite öwrülipdir. Onuò ogly iti gapysynda
saklap, il ýatyp, aýak çekilensoò, itini suwa düºürip, ýuwup, soòam
bile bir ýalakda naharlanyp baºlapdyr. ªeýdip ol ýedi ýyl iti
bilen bir öýde ýatyp-turup, iti bilen owkat edinipdir. Ýagºyzada
ogluò yhlasyny görüp, ºol yhlas üçin ol adamy itliginden ýene
adama öwrüpdir:
—
Sen eden etmiºleriò üçin bu dünýäde it bolup ýaºamaly,
emma örän ýagºy, sagadatly ogul ýetiºdiripsiò, ºol sebäpli Alla
saòa adam bolmaga ejaza eýledi — diýenmiº.
(317)
Ataòa hiç
bir babatda minnet etme
Adamzat bir
zynjyrdyr, adam bu zynjyryò halkasydyr, seniò bir halkadygyò diòe
ataò mynasybetidir. Ataòa hiç bir babatda minnet etme, ataò
minnetini çek.
(317-318)
Ataòy sylamak
Watany sylamakdyr
Adam çykanlygymy
ºundan bildim: mahal-mahal men özümi özüm däl-de, mähriban
kakammykam öýderdim. Men özümiò däl-de, onuò elleri bilen elleýän,
öz aýaklarym däl-de, onuò aýaklary bilen ýöreýän, öz dilim däl-de,
onuò dili bilen gürleýän ýaly bolup göründim. Bu, ilki göräýmäge,
geò hem täsin, özüò baºdan geçiräýmeseò, ile aýdyp boljak däl
duýgudy. Men, ana ºonda, özümde kakamyò hereketleriniò, kakamyò
endikleriniò, kakamyò bolºunyò janlanandygyny duýdum. Men özümde
kakamyò direlendigini bilip galdym.
ªeýle duýgy adamyò kemallydygynyò alamatydyr.
Özüòizde bu duýgyny oýarmaga çalºyò! ªonda öz ataòyzyò
ömrüni dowam etdirdigiòiz, ataòyzy syladygyòyz bolar.
Ataòy sylamak bolsa, Watany
sylamakdyr.
(318)
Ene-ata
hormaty ummasyz uly. Bäº-alty ýyllykda bir alym belli ahundan:
— Ahun
aga, biz sowet terbiýesini aldyk, Hudaýa näler ynanasym gelýär,
emma ynanyp, özümi ynandyryp bilemok, ýaºam birçene bardy, ynamsyz
hem ýaºap bilemok, men nädeýin? — diýip sorapdyr.
— Hudaýa
ynanyp bilmeseò, eneò-ataò guburyna sežde ediber... Ähli ynam
ene-atadan baºlaýar... «Atam-enem hormaty, Günähim güzeºt eýle» — diýip,
Magtymguly ýüreginden syzdyrýar. Ene-ataò hormatyny saklaò, Hudaý
siziò günäòizi geçmese-de, ene-ataòyz üçin ýalkasa-da ýalkar
durubiýr...
(324)
Enesini-atasyny
ynjydan adamdan gaçyò, beýle adamdan hiç haçan adam bolmaz!
Enesine-atasyna seretmedik adama ynanmaò, beýle
adam ile-güne, ýurda bähbitli adam bolup bilmez!
Enesine-atasyna seretmedik adamyò ýüzüne
seretmegem päl däldir. Enesine-atasyna seretmedik adama Allanyò
periºdeleri hem bakmazmyº!
Ene toprak, Ata watan diýýäris.
Ene bize topragy söýmegi, ata bize Watany söýmegi
gan, ruh bilen bagyº edendir.
Lal bolsun, güò bolsun, wagºy bolsun, barybir, ene
oglunyò ýüregine düºüner.
Lalyò diline enesi düºýändir diýýär türkmen.
«Balam, sen entek bäbejikkäò, agydan baºga hiç
zat eliòden gelmeýärkä-de, men seniò näme isleýändigiòi bilýärdim,
gepläp bilmeýärkäò hem aýtmak isleýän zadyòy bilýärdim, ynha
indi uly adam bolduò, emma indi men saòa düºünemok» diýip, bir
ene nekgende ogluna bagryny paralapdyr.
Enäniò göwnüni ýykan nekgendäniò durmuºda
dikeltjek zady bolmaz!
Enesini ynjydan adam ilem ynjydyp biler, ýurdam!
Enesine seretmedik kiºi baºga adama seredýär
diýseler ynanmaò!
(325-326)
Perzent
ene-atasy bilen diòe edep görkezip üzlüºip biler. Edep manysy
bergidir.
(328)
Perzent
ata-enesine ömri ötinçä hyzmat etse-de, enesiniò bir gije ýatman
eden yhlasyny, atasynyò ýeke günlük gören emgegini ödäp bilmez.
(333)