Ilkinji türkmen elipbiýi

Oguz hanyò düzen beýik düzgün-nyzamly döwletleri müò ýyllyklara uzapdyr, Oguz hanyò düzen elipbiýi müò ýyllyklaryò içinde hereket edipdir. Biz bu gün ol elipbiýiò haçan ýitip gidendigini bilemzok, emma on sekizinji asyrda, mundan tas üç ýüz ýyl öò ýaºap geçen ºahyr ªeýdaýynyò döreden «Gözel ýigrimi b亻 mersiýe goºgusy Oguz hanyò ýiten elipbiýiniò agysy.

ªeýle gulaga ýakymly,
Sözledim, gözel ýigrim bäº.
Niçe owazy çekimli,
Yzladym, gözel ýigrim bäº.

Ýedisinden owaz çykyp,
On sekizin tartar çekip.
Üç müò ýaºda ömrüò ýakyp,
Geçirdik, gözel ýigrim bäº.

ªeýdaýy diýr, bar beterler,
Seniò üçin ýas tutarlar.
Bu wagyt kem-käs tutarlar,
Ýiter sen, gözel ýigrim bäº!

(97-nji sah.) 


1889-njy ýylda Günbatar Sibirde Orhon derýasynyò akymynda, ýüzünde taryhy ýazgyly daºlar tapylýar. Bu daºlarda ýazylan elipbiýiò gadymy türkmen elipbiýidigini we daºlardaky ýazgylaryò, hatlaryò türkmençedigini 1893-nji ýylda alymlar anyklaýarlar. ªeýdip, 38 sany harpdan ybarat bolan gadymy türkmen elipbiýiniò üsti açylýar. Ýazuw ýadygärliklerinde ºeýle sözlem bar: «Türkmen oguz begleri, budur eºidiò, bizi Taòry basmasa, asla ýer dilinmese, türkmen iliniò törüni hiç kim bozup bilmez». Bu ýerde türkmenleriò ýok bolup gitmezliginden söz açylýar, olaryò özbaºdak millet bolmagyna isleg bildirilýär. Halkyò arasynda henize çenli ulanylýan «Daºa ýazylan ýaly» diýen dana sözlem ºudur.

(147-nji sah.) 


Oguz hanyò ilkibaºky ruhy tapyndysy — milli oguz-türkmen elipbiýiniò döremegi, Oguz hanyò beýik ýöriºleri mahalynda täze guralyò — arabanyò oýlanyp tapylmagy türkmeni bütindünýä-taryhy açyºlaryò üstünden eltdi.

Kaòly taýpasynyò öòbaºysy tarapyndan arabanyò oýlanyp tapylmagy bolsa — türkmeniò bütin adamzat üçin ikinji beden tizligini tapmagydyr. ªu iki tizligi türkmenler özleriniò bütin taryhynyò içinden eriº-argaç geçirip, ºu günlere ýetirdiler. Elbetde, araba taryha, ýaºaýºa tizlik berdi. Emma elipbiýimiz bolsa öz daºky durºuny üýtgetdi we biziò günlerimize, eýýäm, türkmen halysynyò nagyºlary görnüºinde gelip ýetdi.

(162-nji sah.)