Türkmenleriò dünýä medeniýetine goºandy



Türkmen halkynyò Beýik Britaniýa ýaly, beýik hindi halky ýaly, beýik hytaý halky ýaly dünýäniò taryhynda ajaýyp yzlary galdyryp, dünýäniò ylmyna, edebiýatyna, medeniýetine, umuman, dünýä ösüºlerine ummasyz goºantlary goºan halkdygyny äºgär etjek bolýaryn.

          Türkmen halkynyò tugy — ary-namysy.

          Her bir türkmeniò beýikligi — onuò halkynyò beýikligi.

          Türkmen halky bolsa dünýä:

          päkize türkmen bedewlerini,

          päkize türkmen halysyny,

          päkize türkmen ºaý-seplerini,

          päkize milli geýim-gejimlerini,

          päkize ak bugdaýyny,

          saryja goýnunyò tohumyny

berýär.

(61-nji sah.) 


Yslam dünýäsinde ylmyò, edebiýatyò, sungatyò kerwenini çeken türkmenler

Mahmyt Gaznalynyò, seljuk türkmenleriniò soltanlarynyò, Köneürgenç soltanlygynyò döwründe bütin yslam dünýäsinde ylmyò, edebiýatyò, sungatyò kerwenini çeken türkmen, dünýä türkmen medeniýetini tanatdy. Ylma, sungata, ruhy dünýäsine berlen Köneürgenç döwleti synanyndan soò türkmeniò beýik danyºmentleri, alymlary, edebiýat we sungat adamlary diòe bir Türkiýäniò üsti bilen däl, eýsem, baºga ikinji bir ýol bilen hem — Kawkaza, Ruma, Arabystana doldular, ondanam Müsüriò üsti bilen Ispaniýa geçdiler. ªeýlelikde, türkmen halkynyò ylmy-önümçilik gazananlary Ýewropa ylmy-önümçiligine, ösüºine hamyrmaýa, gönezlik boldy. Türkmen tigri dünýä ylmynyò ösüºine tizlik berdi. Türkmenleriò dünýä ýaºaýºynyò, ylmynyò, önümçiliginiò, senaga­tynyò ösüºine goºan goºantlary ymgyr kän, olar entek düýpli öwreniler.

(61-nji sah.) 


Türkmen gymmatlyklary döreden halkdygy üçin beýikdir

Türkmen gymmatlyklary döreden halkdygy üçin beýikdir. Ol gymmatlyklar bolsa, bireýýäm adamzat gazananlarynyò  hataryna geçdi. ªeýle gymmatlyklaryò içinde ruhy gymmatlyklar hem, maddy gymmatlyklar hem bar.

(66-njy sah.) 


Kämil hem gaýtalap bolmajak gymmatlyklarymyz

Türkmen aty, halysy, saz gurallary, dutary, ºaý-sepleri, alabaý iti, saryja goýny, ak bugdaýy — bular biziò milletimiziò döreden maddy gymmatlyklarynyò esaslary we göze dürtülip duranlarydyr. Hatda bulary esaslandyrmak, subut etmek hem gerek däl, bularyò özleri mesaòa göze dürtülip durlar. Özem olar öz ugrundan kämilligiò iò ýokary derejesindäki sap gymmatlyklardyr. Munuò özi, türkmençe aýdylanda, deòi-taýy bolmadyk we gaýtalap bolmajak, meòzeºligini agtaryp tapyp bolmajak diýmekdir.

Kämillik hem gaýtalanmazlyk — ine, gymmatlygyò baº ölçegleri. ªeýle gymmatlyklar türkmeniò özüniò millet hökmündäki kämilliginiò we özbaºdak ösüºi hökmündäki gaýtalanmazlygynyò üstüni açýar. Çünki eseriò kämilliginde ussadyò kämilligi aýan bolýar. Eseriò kämilliginiò ölçegi — ussadyò Hudaý beren zehininiò we eseriò döredilmegine sarp edilen beden hem ruhy gujuryò hem hyjuwyò ölçegidir. Bu — bir tarapdan.

(67-nji sah.) 


Ak bugdaý

Ak bugdaý — bäº müò ýyl mundan öòem bar eken.

Türkmeniò ahalteke bedewi, türkmen iti, halysy, beýlekiler hakynda hem ºu anyklanan taryhy senäni agzamalydyrys.

Bu ýerden möhüm netije gelip çykýar: türkmen bäº müò  ýaºly millet diýen pikire ernini ýyrºardaýjak adamlaryò gözüne basjak anyk delillerdir ºu zatlar.

(67-nji sah.)  


Oguz elipbiýi, türkmeni bütindünýä-taryhy açyºlaryò üstünden eltdi

Oguz hanyò ilkibaºky ruhy tapyndysy — milli oguz-türkmen elipbiýiniò döremegi, Oguz hanyò beýik ýöriºleri mahalynda täze guralyò — arabanyò oýlanyp tapylmagy türkmeni bütindünýä-taryhy açyºlaryò üstünden eltdi.

(162-nji sah.) 


Araba taryha, ýaºaýºa tizlik berdi

Kaòly taýpasynyò öòbaºysy tarapyndan arabanyò oýlanyp tapylmagy bolsa — türkmeniò bütin adamzat üçin ikinji beden tizligini tapmagydyr. ªu iki tizligi türkmenler özleriniò bütin taryhynyò içinden eriº-argaç geçirip, ºu günlere ýetirdiler. Elbetde, araba taryha, ýaºaýºa tizlik berdi. Emma elipbiýimiz bolsa öz daºky durºuny üýtgetdi we biziò günlerimize, eýýäm, türkmen halysynyò nagyºlary görnüºinde gelip ýetdi.

(162-nji sah.)