Döwlet – milli ruhuò gaýmagydyr

Döwlet milleti bitewileºdirmegiò seriºdesidir hem guralydyr

Alty ýüz ýyldan soò Garaºsyz türkmen döwleti gaýtadan döredi. Bu günki Garaºsyz türkmen döwletiniò taryhy ähmiýetine iki nukdaýnazardan seredeniòde hasam oòat akyl ýetirýärsiò. Birinjiden, türkmeniò döwletsiz ýaºan döwri bilen deòeºdireniòde. Döwlet milleti bitewileºdirmegiò seriºdesidir hem guralydyr.

(255-256)


Döwlet — halk möçberindäki uly öýdür

Döwlet — halk möçberindäki uly öýdür. Ol öýde durmuºyò kadaly ýöremegi üçin her kimiò öz orny hem öz ýerine ýetirmeli wezipeleri bolýar. ªol wezipeleriò oòat ýerine ýetirilmeginden döwletiò ýaºaýºy kemala gelýär.

(256)


Garaºsyz döwletimiz milli döwletdir

Biziò Garaºsyz döwletimiziò esasy aýratynlygy — onuò milli döwletligindedir. ªu aýratynlyga ýetmiº ýyllap biziò üstümizden agalyk eden sowet döwleti bilen deòeºdireniòde oòat göz ýetirýärsiò. Sowet döwleti hökmürowan döwletdi, ol ºu topragyò eýesi bolan türkmen halkynyò taryhy taýdan ýokary galmagyna däl-de, onuò egninden basylmagyna hemaýat edýärdi. Ol döwlet türkmeniò maddy baýlyklaryny özgäniò adyna hem haýryna geçirmegiò, onuò gazanan ruhy baýlyklaryny ýok etmegiò guralydy.

(256-257)


Türkmen milli döwleti

Türkmen milli döwleti diýmek — ºu ýurduò erk-ygtyýarly eýesi diýmekdir. Milli döwlet ýurduò maddy baýlyklaryny ºu millete siòdirýär we onuò ruhy gazananlaryny rejeleýär. Diýmek, döwlet milletiò taryhy ýaºaýºyny gurnamagyò usuly bolup döreýär hem-de ýaºaýar.

(257)


Döwlet — milli ruhuò gaýmagydyr

Döwlet — milli ruhuò gaýmagydyr. Hut ºol sebäpden milli döwlet millete mahsus ähli ruhy-ahlaky sypatlarynyò amal bolmagyny, syýasy erk arkaly bir ýere jem bolmagyny alamatlandyrýar. Hiç mahal döwlet boº ýerden döremeýär.

(266)


Milletiò iò beýik ruhy güýçleri döwletde jemlenýär

Milletiò iò oòat, iò beýik ruhy güýçleri we mümkin­çilikleri döwletde jemlenýär. Türkmeniò birnäçe asyrlap dowam eden taryhy pajygasy onuò iò oòat güýçleriniò bir ýere jem bolmanlygyndan ybaratdyr. Döwlete gulluk etmek — milletiò özüniò içki kuwwatlyklaryna gulluk etmekdir. Döwlete gulluk etmek bilen bütin millet öz ºu gününi we geljegini üpjün edýär.

(266-267)


Milli döwlet — milletiò öz durmuºyny içki taýdan gurnamagynyò taryhy usulydyr. Hut milli döwletde milletiò ýaºaýyº ukyplary bir ýere jemlenýär. Ol bir ýere jem bolubam, milli durmuºy taryhy taýdan rejeleºdirmek, sazlaº­dyrmak iºine giriºýär. Milli döwleti gurnamak ukyplylygy — halkyò taryhy ýaºaýºa ukyplylygydyr, geljegini amal etmäge ukyplylygydyr.

(267)


Milli döwlet köki çuòluklardan gaýdýan, örän berdaºly daragtdyr

Milli döwlet keseki ýurtdan, özge ýerlerden getirilip oturdylan, ºu ýurduò suwuna, topragyna laýyk gelmeýänligi üçin gurap galýan daragt däldir. Tersine, ol hut ºu topragyò aýratynlyklaryndan ösüp çykan, ºonuò üçinem köki çuòluklardan gaýdýan, örän berdaºly daragtdyr. Öýkünjeòlik hiç bir iºde-de gowy däl, döwlet gurluºygy babatda öýkünjeòligiò howpy has uly. Çünki munda milletiò bähbitleri we geljegi ara düºýär.

(267)


Döwlet gurmak — milletiò öz-özüni döretmegidir

Döwlet gurmak — milletiò öz-özüni döretmegidir. Syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we ruhy babatlarda öò bolmadyk gymmatlyklar döredilýär.

(267)