Döwletiò ösüºine zeper ýetirjek zatlar

Döwletiò sazlaºykly ösüºine zeper ýetirýän ýedi sany zady aýratyn nygtamak isleýärin:

Birinjisi: oòaýsyz ýolbaºçy;

Ikinjisi: tire-taýpa dawasynyò ýüze çykmagy;

Üçünjisi: milletara dawasy;

Dördünjisi: diniò jemgyýetde orny, dinara dawasy;

Bäºinjisi: goòºy döwletler bilen agzalalyk;

Altynjysy: il içindäki agzalalyk;

Ýedinjisi: tebigy heläkçilik.

Garaºsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniò birinji Prezidenti hökmünde men bu ýagdaýlaryò ýüze çykmagyna ýol bermezligi esasy wezipäm hasaplap geldim, menden soòky boljak Prezidentlere-de men döwletine zeper ýetirjek ºu ýedi zadyò öòüni almagy, mydama ºu zatlar hakda oýlanyp, ºu zatlaryò ýüze çykmazlygy ugrunda çalyºmagy wesýet edýärin.

(273-nji sah.) 


Men öz çykyºlarymda taryhda türkmeni daºyndan däl-de, içinden ýykandyklaryny öwran-öwran gaýtalaýaryn. Men muny siziò taryhdan sapak edinmegiòiz, içki durmuºymyzy sazlaºykly gurnamagyò derwaýysdygyna ünsüòizi çekmek üçin nygtaýaryn. Beýik-beýik soltanlyklary, hanlyklary içki agzalalyklar tozdurypdy. Gorkut ata türkmeniò baºyna bela gelse, esasy üç zatdan — agzalalykdan, men-menlikden, haramylykdan geljekdigini wesýet goýup gitdi. Biz Gorkut atanyò wesýetlerini berjaý etmelidiris.

Eziz türkmen halkym!

Her bir raýat Garaºsyz, baky Bitarap döwletimiziò synmazlygy, bakylygy üçin aladalanmalydyr, döwletiò sazlaºykly ösüºine zeper ýetirýän her bir nogsanlygyò öòüni almalydyr.

(272)