Türkmenistanyò Garaºsyzlygy we döwlet gurluºynyò esaslary hakynda Türkmenistanyò Konstitusion kanunyndan


2. Türkmenistanyò döwlet gurluºynyò formasy respublikadyr. Bu respublikada döwlet häkimiýetiniò eýesi halkdyr, ol öz häkimiýetini gös-göni halk geòeºiniò (Referendumyò), wekilçilikli organlaryò üsti bilen amala aºyrýar.

3. Türkmenistanyò bütin çäginde Türkmenistanyò Baº Kanuny we kanunlary agalyk edýär.

Türkmenistanyò Baº Kanunynda we kanunlarynda görkezilmedik döwletara gatnaºyklary düzgünleºdirilýänçä, hukuk gatnaºyklarynyò kanun çykaryjylyk esasynda reforma edilmegi tamamlanýança SSSR-iò Baº Kanuny we kanunlary öz güýjüni saklaýar.

4. Türkmenistanyò çägi emele gelen serhetlerde eldegrilmesizdir we bölünmezdir.

5. Türkmenistanda döwlet häkimiýeti ony kanun çykaryjy häkimiýete, ýerine ýetiriji häkimiýete we sud häkimiýetine bölmek prinsipi boýunça amala aºyrylýar.

6. Türkmenistanyò Baº Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyò Ýokary Soweti kanun çykaryjy häkimiýeti amala aºyrýar.

7. Türkmenistanyò iò ýokary wezipeli adamy Prezident bolup, ol döwletiò baºtutanydyr. Türkmenistanyò Prezidenti ýerine ýetiriji häkimiýete hem baºtutanlyk edýär.

8. Türkmenistanyò sudlary garaºsyz sudlardyr, olar diòe kanuna tabyn bolýarlar.

(47-48)


Türkmenistan öz çägini ýadro, himiki, bakteriologik ýaraglardan, köpçülikleýin gyrýan ýaragyò beýleki görnüºlerinden azat diýip yglan edýär.

(50)


18. Türkmenistan SSR-niò Baº Kanunynyò kanunlarynyò ºu Konstitusion Kanuna ters gelmeýän ýerleri Türkmenistanyò täze Baº Kanuny, kanunlary kabul edilýänçä öz güýjüni saklaýar diýip bellemeli.

(50)