Mukaddes Ruhnamada dil

Müòýyllyklaryò dowamynda türkmenler dinini, dilini, milletiniò arassalygyny saklap, özboluºly däbini, päkize, halal milli gylyk-häsiýetlerini döretdiler.

(13) 


Näme üçin türkmeniò ykbaly soòky üç asyr agyr boldy? Bütewi döwleti dargady, tireler biri-biri bilen söweºdi, millet hökmünde aslyny ýitirdi, dinini galapyn terk etdi, dilini ýoýdy, müòýyllyklarda kämilleºdirilen atyny, halysyny, lybasyny, ºaýyny, däbini ýitirere geldi...

(13) 


Türkmenleriò asyl birligi — dil we gan birligidir.

(23) 


Menem iki ýyllap ata Watanyma gitmämsoò, ene topragyma, onuò howasyna, gulagymyò küýseýän mähirli türkmen diline, aýdym-sazyò owazyna zardym, mekdepde bile okan ýoldaºlarymy, dostlarymy göresim gelýärdi.

(32) 


Ýurdunda galan üç milliona golaý türkmen watandaºlarymyzam aslyny ýitirip, biz sowet halky diýip dilini, dinini, milletini, milli duýgusyny unudyp baºlady.

(45) 


Oguz handan baºlap orta asyrlaryò ahyryna çenli agzybirligi, batyrlygy, watansöýüjiligi, halallygy, geçirimliligi, dini, dili, medeniýeti — Beýik Ruhy bilen tanalan halk hökmünde ýaòadan XXI asyrda milletimiziò dowamatyny ber, ýeke-täk Beýik Taòrym!

(45) 


Türkmenistan türkmen halkynyò milli-medeni taýdan täzeden rowaçlanmagy hakda, onuò öz milletlik ähmiýetine düºüniºini artdyrmak hakda, halk däplerini ýaòadan dikeltmek hakda, döwlet dili bolan türkmen diliniò giòden ulanylmagy hakda alada edýär.

(50) 


Biz diòe bir diliò, bir diniò daºyna jem bolup, bir ýerde kemala geldikmi?

(55) 


Ine, biz türkmen taryhynda dürli nesilleriò hem döwürleriò üzòeligini görýäris. Hatda mahal-mahal taryhy nesiller bir-birini asla tanamaýan, bir-biriniò diline düºünmeýän, ählisi türkmen hem bolsa bir-biriniò öòünde ýadyrgaýan ýaly bolup görünýär. Olaryò arasyndaky baglanyºyk üzülipdir.

(63) 


Atamyz Oguz han Türkmen — ullakan ýurduò ºasy, gylyjyny gynyndan çykarmagyò deregine, gursagyndan Allanyò salan sözlerini çykarýar. Tamdyrdan çykan çörek ýaly sözler bilen dünýäni alýar, ol mukaddesligi bize wesýet edýär:

   …Elime ýarag alman, süýji dil bilen halky ýola saldym.

(92) 


Türkmen yslam dinini öz göwnüne jaý edip tutýar. Aýat-töwir ýa namaz okap bolanyndan soò, okan süreleriniò üstüni ýetirýän ýaly, ýürejigindäki zatlary öz dili bilen, türkmen dilinde Hudaýyna aýdýar.

(107) 


Atabegler çagalara dünýä dillerini, aýratyn hem söweº we serkerdelik tilsimatlaryny öwredipdirler. 

(117) 


Atabegler öz okuwçylaryna dünýäniò ähli ylymlaryny öwredipdirler. Türkmen serkerdeleri dünýäniò köp dillerini bilipdirler…

(117) 


Türkmen baºga milletiò diline, dinine, däp-dessuryna aýratyn sarpa goýýar.

(152) 


Emma ýedi yklymy aýlanyò, siz türkmeniò dagyndan ýüz esse gözel, goýny jennet bilen barabar ümürsin tokaýly daglara duºarsyòyz, emma ol daglar ne siziò diliòize düºüner, ne siziò gursagyòyzdaky derdiòizi bölüºer.

(163) 


Bizi saçak ýaly daºyna jemläp duran diòe ene dilimiz, döwletimiz, ganymyz, ruhumyz, gylyk-häsiýetlerimiz, ýüz-keºpler meòzeºliklerimiz, däp-dessurlarymyz däl, tebigatymyz hem daºyna jem edip dur.

(163) 


Adamyò esasy synasy — göwresi, ýüregi hem akylydyr. Milletiòem öz göwresi, ýüregi hem akyly bolýar. Göwresi — maddy medeniýeti; ýüregi — dili, sazy; onuò akyly bolsa — milletiò pelsepesidir hem aòyýetidir.

(175) 


Türkmen asyrlarboýy diliniò, sazynyò hem döwre guramasynyò arassalygyny, özboluºlylygyny saklamagy baºarypdyr.

(175) 


Diliò arassalygyny saklamak nesilleriò arasyndaky üznüksizligi üpjün edýär we milletiò ömrüni uzaldýar. Sowet döwründe biziò dilimize gerekmejek sözleri salmaga synanyºdylar. Garaºsyzlygyò ilkinji aýlaryndan baºlap, türkmen diliniò ºireliliginiò, many goýazylygynyò, duýgy örüsiniò artyp ugrandygy tötänleýin zat däldir. Garaºsyzlyk türkmen dilini ýasamalykdan, dar galypdan halas etdi. Garaºsyzlyk diòe bir türkmen halkyna däl, eýsem türkmen diline-de azatlyk berdi.

Biz, mundan beýläk-de dilimiziò arassalygyny saklamalydyrys. Elbetde, halkara adalgalary bolar. Ýöne türkmençe berip bolýan düºünjeleri olaryò dilimize ýat, geliºmeýän galyby bilen almaly däldiris.

Diliò arassalygy hem sagdynlygy pikiriò saplygyndan hem sagdynlygyndan nyºandyr. Milletiò pikirleniº örüsi giòände, onuò dili hem baýlaºýar.

(175-176) 


Türkmen tebigaty — türkmen milletiniò ruhy diliniò harplygydyr.

(180) 


Adamyò ýüreginde bir zat, dilinde ikinji zat, hereketinde bolsa üçünji bir zat bolýar. Beýle adam ahlaky taýdan betbagt kiºidir.

(201) 


Parfiýa döwletiniò, gaznaly türkmenler soltanlygynyò, seljuk türkmenleriniò soltanlygynyò, Köneürgenç türkmenleriniò soltanlygynyò dünýäniò taryhy-syýasy ugruny üýtgedendigini, ykdysadyýetiò, medeniýetiò örän ýokary derejä göterilendigini inkär edip boljak däldi. Emma käbir taryhçylar öz gelip çykyºlary, dil toparlary arap-eýran toparyndan bolansoò, taryhyò islendik gazanan beýikliklerini eýran, arap, soò tapylan umumylaºdyrylan türk ady bilen baglanyºdyranyny kem görmeýärdiler...

(210) 


Oguz diýmek — türkmen diýmekdir, Oguz dili — türkmen dilidir, seljuk dili — türkmen dilidir, osman dili — türkmen dilidir, türk dili biraz üýtgän türkmen dilidir…

(210) 


Oguz iliniò ynanjy gök bolupdyr, taòry diýip göge düºünipdir, ºonuò üçin taòry diýmegiò bir manysy gökdür. Olar göktaòry dinine, ýeke taòrylyga ynanypdyrlar. Dili gadymy türkmen dilidir.

(211) 


Oguz han Türkmeniò dil hakda aýdanlary:

Ýürekde näme bolsa, dil ºony diýer.

Dil bolmasa, il bolmaz.

Söz ýürekden çyksa güýçli.

Sözi paýhas bezär.

Dil baýlygy — il baýlygy.

Adamyò akyllysy dil öwrener.

Köp dil bilen, köp biler.

Göwni baýyò sözi — jaý.

Ýola çyksaò, diliòi gora.

Dil döwletdir.

Paýhasly söz bakydyr.

Çagaòa dili manysy bilen öwret.

Dilim bar, dünýäm bar.

(212) 


Eýýubylar diòe goºuny bilen däl, döwlet gurluºy, dolandyryº usuly, dil, medeni gatnaºyklary, däp-dessurlary bilen hakyky oguz-türkmen döwleti bolýar.

(232) 


Eýýubylar döwleti Müsüre türkmen dilini ýaýradanlygy bilen meºhurdyr.

(233) 


Türkmen dili örän baý dil, dürli manylary aòlatmaga ukyply dil.

(256) 


Millet — dil, dini-ynanç, däp-dessur, ykbal hem döwlet birligidir.

(256) 


Türkmenistan raýatlaryò haýsy millete degiºlidigine, gelip çykyºyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaºaýan ýerine, diline, dine garaýºyna, syýasy ygtykadyna, haýsy jemgyýetçilik gurama degiºlidigine garamazdan, olara deò hukuklar we azatlyklar berýär, ºeýle hem raýatlaryò kanun öòündäki deòligini kepillendirýär.

(261) 


Gynansak-da, köp türkmen döwletleri geçmiºde türkmen milli diline geregiçe ähmiýet bermändir.

(401) 


Biziò üçin bolsa, milli dil — biziò döwletimiziò we jemgyýetimiziò baº aýratynlyklarynyò biridir. Biz türkmen dilini döwlet dili hökmünde yzygider ornaºdyrýarys. Sebäbi, ºeýle edilmese, onda baº gymmatlygymyz bolan millilik döwletiò mazmunyna we sypatlaryna siòip bilmez.

(401) 


Milletiò ähli maddy we ruhy barlygy — dili, dini, medeniýeti, döwletliligi, jemgyýeti — bary ºol özeniò üstünde gurnalýar.

(402)