Türkmen eposlary we dessanlary


«Gorkut ata» ºadessany

«Gorkut atanyò kitabyny» okan her bir adam onda örän sagdyn aòly, giò gözýetimli, akyl-paýhasly, baý, agzybir, edermen oguz begleriniò ýaºaýyº keºplerini görýär. «Gorkut atanyò kitabyndan» bolsa ºol oguzlaryò nähili beýik edebiýatynyò, toý-baýrama görk berýän sungatynyò bardygyna-da göz ýetirýär.

(105-nji sah.)


«Gorkut atanyò kitabyny» okanyòda, kalbyòa buýsanç, göwräòe mylaýym ruh, endamyòa süýjülik aralaºýar. Ata-babalaryò bilen duºuºyp, ynjalyk tapýarsyò!

«Gorkut atanyò kitabynyò» ähli boýlaryndaky din hem, pikir hem, taglymat hem — Gorkut ata!

(108-nji sah.)


«Gorkut ata»  eposyny okanyòda türkmen ruhunyò baýlygy buýsandyrýar.

(175-nji sah.)


... türkmen edebiýatynyò genji-hazynalary bolan «Gorkut atanyò kitaby», «Görogly», «Döwletýar»  eposlary, «Ýusup-Ahmet»  dessany, Ýunus Emräniò, Garajaoglanyò, Burhanetdin Siwaslynyò, Baýram hanyò, Abdyrahym hanyò, ªabendäniò, Andalybyò, Magrupynyò, Magtymgulynyò, Seýdiniò, Zeliliniò, Mollanepesiò, Keminäniò, Mätäjiniò ähli eserleri türkmeniò ýanyp duran watanparazlygy, merdi-merdanalygy, edermenligi, gahrymançylygy baradaky eserlerdir.

(189-njy sah.)


«Görogly» ºadessany

«Görogly»  eposynda Däli Mätel, Harman Däli. Däli adyny göteren kiºi — özüni watana bagyº eden kiºi bolýan eken.

(170-nji sah.)


«Göroglyny»  okap görüò: tebigat bilen ºeýle näzik, mährem gatnaºyklary görersiòiz. Bu ataly ogluò gatnaºyklaryny ýada salýar.

(180-nji sah.)


Beýik «Görogly»  eposymyzda hem men-menligiò nämä eltýändigini ata-babalarymyzdan galan bu miras köre hasa edip görkezýär.

Görogly beg pasly-baharda kyrk ýigidi bilen seýli-seýrana çykyp, kyrk ýigidinem Köse baºlyklaýyn «Bize kyrk dürli aw getir»  diýip, ºikara ugradyp, ºerap içip baºlaýar. Bir pyýala, iki pyýala, üç pyýala. Ogly Öwez oòa artyk içirmejek bolýar. Görogly:

— Haý, Öwez jan, sen näme diýsem rastdyr diýiber, gaòryºyma gaýtsaò, kelläòi hyzlandyryp ibärin!

— Rastdyr, aga.

— Nowºirwan adylam men ýaly adyllyk bilen ýurt soran däldir.

— Rastdyr, aga!

— Hatam Taýam men ýaly ýurduna adyllyk bilen aº paýlan däldir.

— Rastdyr, aga!

— Hezreti Aly hem men ýaly agyp-dönüp söweº edip iº bitiren däldir!

— Haý, aga gatyrak gitdiò. Gorhana gol urduò!

Görogly beg meýiò mesligi bilen gaty gidenini bilip, kyrk ýigidiò ýapynjasy bilen üstüni ýapdyryp, uklap açyljak bolup, Arap Reýhanyò goluna düºýär. Arap Reýhan men-menlik zerarly gola düºen Göroglyny ýurduna alyp barýarka öwünýär. ªonda Görogly öz duºmanyna-da pent edýär:

Her menzilde guzy gapdym,
Baryp Yssambyly çapdym.
Men «men-menlik»  edip tapdym,
Arap sen men-menlik etme!

Men-menlikden baºyna bela gelen Görogly hut öz duºmanyna hem men-menlik etmezligi nesihat edýär. ªol men-menligem Arap Reýhanyò heläk bolmagyna, Göroglynyò aman dilemegi bolsa, onuò azat bolmagyna eltýär.

(193-nji sah.)