Daòdanakan söweºi

Daòdanakan söweºinde tutuº Aziýa sebitinde däl, dünýäde iò bir kuwwatly türkmen döwletiniò soltany Mahmyt Gaznalynyò ogly soltan Masudyò goºunyny çym-pytrak eden türkmen hanlarynyò kyrka golaýy bir saçagyò baºynda jem bolup, täze türkmen döwletini yglan edýärler.

(59-njy sah.)


Seljuklar türkmenleriò kynyk tiresindendir. Olar 1040-njy ýylda türkmenleriò gaýa tiresinden bolan Mahmyt Gaznalynyò döreden döwletiniò leºgerlerini gadymy Mary ºäherinden 70 kilometr uzaklykdaky Daòdanakan galasynyò ýanynda ýeòýärler. ªol ýeòiºden soò iki doganyò – Çagrydyr Togrul begiò döreden täze döwleti kuwwatlanyp ugraýar.

(113-nji sah.)


Mahmydyò eýelän çägi Lahordan Samarkanda we Yspyhana çenli uzapdyr; ýöne ol tiz wagtdan soò, demirgazyk welaýatlaryndan jyda düºýär. Birnäçe ýyldan soò seljukly türkmenler Merwiò (Mary) töwereginde, Daòdanakanda 1040-njy ýylda Mahmydyò ogly Masudy ýeòliºe duçar edýärler we Gaznalylaryò hökümdarlygyny syndyrýarlar.

(141-nji sah.)


Daòdanakan söweºinde üstün çykan seljuk türkmenleri gurultaý çagyryp, ºol gurultaýda täze türkmen döwletini dünýä jar edip, halyfa, dumly-duºdaky ºalara ilçi ýollaýarlar.

(222-nji sah.)


Soltan Mahmydyò ogly soltan Mesut tagta geçenden soò, onuò esasy iºi Horasan üçin seljuk türkmenleri bilen çaknyºmak bolýar. Iki türkmen tiresi Oguz ýurdunyò üstünde ilki Täk (Durun) galanyò töwereginde 1038-nji ýylda söweºýär, ondan kän wagt geçmänkä, Sarahs töwereginde ýene çaknyºýarlar. Bu iki söweºiò netijesi seljuk türkmenleriniò ýeòºi bilen gutarýar. Ahyry 1040-njy ýylda Daòdanakan söweºinde soltan Mesudyò ýygyny seljuk türkmenleri tarapyndan derbi-dagyn edilýär. Bu söweºden soò Horasan, Eýran, Köneürgenç, Mawerannahr seljuk türkmenleriniò eline geçýär. Gazna döwleti ondan soò gaty garyºyk ýagdaýda ýaºaýar, esli wagt bu döwlet seljuklara tabyn bolup galýar.

(225-nji sah.)