|
1963-nji ýyl, Watanymy küýsäp, Leningraddan
Moskwanyò üsti bilen Aºgabada gaýtdym... ªonda ikinji gezek kakamy
ýakyndan tanan adama gabat geldim. ªol otluda ykbal meni on sekiz
ýyldan soò kakamyò söweºdeº ýoldaºy, dosty bilen duºurdy.
Bu
ºeýle boldy. Ol wagtlar Aºgabat — Moskwa derhal otlusy her bir ºäherçäniò,
obanyò gapdalynda biraz saklanýardy.
Otlyny halamaýanlar hem bardyr, ýöne wagonda yrgyn
atyp, pikirler ummanyna gark bolup, görmedik ýerleriòi, ýurtlaryòy
görüp tomaºa edip ýol sökmegiò aýratyn lezzeti bardy.
Otlynyò ýolbeledi Aºgabadyò etegindäki Ýalkym
obasyndan Çary aga atly dogumly türkmendi. Ýolda Çary aga bilen tanyºdyk.
Adamlar hil-hil, dürli-dürli bolýar. Bir adam
bolýar, göreniòden gözüò dokunyp, onuò bilen tanºasyò,
gatnaºasyò gelýär, ikinji bir adam bolýar, ýanyòa gelip otursa,
turup gaçasyò gelýär. Men çagalygymdan baºlap bir zady takyk
bildim, biziò türkmen halkymyz soranjaò halk. Çary aga-da soranjaò
adam eken.
— Inim, käbir adam soraºyberseò gaty görýär:
«Sen näme, sorap-idäp, sülçümiò-süýtmüò?» diýip.
Türkmenimiz: «Ynsan soraºa-soraºa, haýwan ysgaºa-ysgaºa»
diýendir... Biziò dagy gaty uly obamyz bolardy, balºewik döwri,
raýatlyk urºy döwri obanyò ýarysy dargap gitdi. Basa-baslyk
ýyllaram köp adam gaçyp gitdi, köp adam göçüp gitdi, garaz
il-gün dargady. Soraºyp-ideºip otursaò, türkmen halky tanalmaz
ýaly köp halkam däl.
Asyl Çary aga diòe kakamy däl, hatda atamy hem
tanaýan adam bolup çykdy.
— Saparmyrat jan, seniò ataò Annanyýaz
Artygy tanamaýan adam duºsa geò görgün. Annanyýaz Artygy Gypjak,
Gökje, Bagyr, Herrikgala, Ýalkym, Büzmeýin töwereklerinde
tanamaýan bolmaz. Annanyýaz Artyk saçak ýazyp, ile çörek beren
rysgally-döwletli adamdy. Seniò ataòy 1932-nji ýylda hususy ýeri,
dükany, hakyna tutma iºgärleri bar diýip, ýedi ýyl sürgün
etdiler. Meniò bu zatlary takyk bilmegimiò öz sebäbi bar, meniò
ejem gypjakly bolup, daýym dagy Annanyýaz aga bilen goòºudy.
— Çary aga, atamy özüòiz gördüòizmi?
Çary aga keýp edip güldi.
— Saparmyrat jan, men seniò kakaò bilen köp
duz-emek boldum, ataò Annanyýaz Artygy bolsa toýda-ýasda, ºäherde-obada
gaty köp gördüm... Bir gezek iki bogdajyk arpany ºähere alyp gitdim,
oglandym. Ol mahal bazar güni ºäheriò bazarynyò töwereginde eºekli
eºegini, atly atyny, düýeli düýesini, arabaly arabasyny goýmaga
ýer tapmazdy. Hany ol wagtlar bu zamanlaryò ulaglary barmy? ªäherde
türkmen örän az ýaºaýardy.
Iki bogdajyk arpamy alyp barýan, öòümdenem bir eºeklije
garyp adam barýar, pakyryò geýen geýimini oda atsaò tütejek däl,
depesinden bir bedre arpa guýsaò, ýamalaryndan ýaòa ýere arpa
gaçjak däl. ªäheriò bezzat oglanjyklaram ýaòky görgüliniò
yzyna düºüp, eºeginiò guýrugyna taýak dürtýär, eºek jyzzynlaýar,
garyp ýykylmajak bolup, yzyna garap sögünip, elem-tas bolup barýar.
Ýoluò ýakasynda duran garnyýogyn gaýry milletler bolsa oòa lah-lah
gülºüp durlar. Nireden geleninem görmän galypdyryn, ºar gara atly,
gara silkme, ter gara sakgal kiºi atynyò sagrysyna gamçy bilen kakyp,
gelºine ýaòky garnyýogynlary gamçylap baºlady. Göläniò hamyndan
edilen dürre gamçynyò öòünde durup bolýarmy, garnyýogynlar
gollaryny kellesine tutup walalaýlaºyp gaçdylar. Olaryò beýleräginde
bir garry hasasyna daýanyp duran eken. Ol:
— Rast urduò, türkmen, rast urduò. Çaga
bezzat bolsa, günäkär ene-atasy!.. — diýdi.
Hawa, Saparmyrat jan, seniò ataò Annanyýaz Artygyò
ikinji ýola arçyn saýlanyºyny hem bilýän men. Kakam pahyr
Annanyýaz Artygyò arçyn saýlananyny eºidip:
— Häý, gypjaklylar oòarmandyr, oòarmandyr...
Annanyýaz Artygy ozalam baýlygy üçin basmady hökümet! Hökümet
Annanyýaz Artyk ýaly türkmenlerden gorkýar...
Pelek ony ýaòadan ýowuz güne sataºdyrdy,
1937-nji ýylyò awgust aýynda öòki ýöòkelen günäsi bilen
Annanyýaz agany halk duºmany diýip, howpsuzlyk komitetiniò türmesinde
atdylar. Ataò ºeýle ýagdaýyò boljagyny öòünden bilýärdi.
Ýöne garamaýak halkyò raýyny ýykyp bilmändi...
Saparmyrat jan, seniò ataò Annanyýaz Artyk ºähere
gireninde ºäheriò garrysy-ýaºy durup syn ederdiler. Annanyýaz
Artyk bolsa, ºar gara atyny ýorgasyna goýberip barýandyr ýol bilen...
Göreniòde gözüò dokunardy, göwnüò dolardy. Han diýseò hana,
beg diýseò bege meòzeýärdi. Il ogludy, Yssalin döwri onuò ýaly
göze doly adamlary öòi bilen ýok etdiler ahyry...
Soòra Çary aga wagony aýlanyp, haýsydyr bir
duralgada duran otlyny ugradyp, ýene meniò ýanyma dolandy.
— Seniò kakaò bilen gatnaºardym, ol menden
bäº-üç ýaº uludy. Men Aºgabadyò etegindäki Ýalkym obasyndan
bolanym bilen, daýymlara köp giderdim gezmäge. 1932-nji ýylda ataò
Annanyýaz Artygy sürgün edýärler. 53 ýaºly ataò sürgün
edilensoò, özüòi kim aýajak bolup dur. Kakaò Atamyrada dostlary
nirädir bir ýaòa göçmegi maslahat berýärler. Kakaò ºeýlelik
bilen Kerki ºäherine göçüp gidip, mugallymçylyk edýär, 1935—36-njy
ýyllar Gökdepäniò bir obasyna gaýdyp göçüp gelýär. 1937-nji
ýylda bolsa, Aºgabatdan kiçiräjik jaý alyp, ºol ýerde ýaºap,
iºläp baºlady. Ana, ºol döwürdenem men onuò bilen has ysnyºykly
gatnaºyp ugradym... ªeýle, Saparmyrat jan, ºeýle, kakaò ºindizem
meniò gözümiò öòündejik dur: nurana ýüzi mydama diýen ýaly
ýylgyryp duran, ºahandaz, parasatly-paýhasly ýigitdi...
— Çary aga, sen haçan soòky gezek meniò
kakamy gördüò? — diýip, sözüni baºlamanka sorag
berdim.
— Ynha, Saparmyrat, ºol aýtjak sözümiò
özeni — diýip, uludan demini alyp, gürrüòe baºlady.
— Men seniò kakaò bilen 1941-nji ýyldan, urºuò ilkinji
ýylyndan bir harby bölümde nemes basybalyjylaryna garºy bile söweºdik.
ªol ýyllar mertlik bilen Watany goraýºymyz özbaºyna aýry uly bir
gürrüò... Urºuò süýjüsi ýok, bäº ýyla golaý uly gan döküºikli
ikinji dünýä söweºinde ýeòlen hem ýeòen wagtymyz az bolmady.
1943-nji ýylda Demirgazyk Osetiýada, Wladikawkaz ºäheriniò eteginde
uly agyr söweºden soò biziò goºun bölümimiz duºmana ýesir düºdi.
Bizi gabap, nemes esgerleri elleri awtomatly öz aralarynda gygyryºyp
maslahat edýärdiler. Ýesir düºen sowet esgerleri ýaraglaryny taºlap,
üýºüp durdular. Alty adam bolup Türkmenistandan, bäº türkmen,
birem rus ýigididi, topbak bolup durduk. ªol wagt oglanlaryò biri jübüsinden
iò soòky bir gysym temmäkisini köne saralan gazete dolap çilim
ýasady. Men çilim çekmänim üçin bir ädim ýanlarynda durdum,
galan oglanlar aýlanyºyp durdular, hersi bir gezek çilimi sorup,
gapdalyndaka geçirýärdi. Çilim Atamyrada ýetende, onuò sag
gapdalynda rus ýigidi durdy, ºol wagt türkmen oglanlarynyò biri «Atamyrat,
häzir bizi öldürerler, çilimi gapdalyòdaky rusa berme, getir,
ölmänkäm men soraýyn» diýip ýüzlendi.
— Ýok, dostlar, bu ýigit hem biziò bilen
gan döküp, bir watany goraýar, gezegine sorsun çilimi. Ölüm barada,
gorkmaò, oglanlar, Alla bardyr, iò soòky demde-de ruhdan düºmäliò.
Ata-babalarymyz aýdypdyr «Almany göge zyò, ýere düºýänçä ýa
pelek!»
Onýança bir nemes radio arkaly gygyryp baºlady,
biri rus diline terjime edip «Hatara düzüliò, hatara düzüliò»
diýip düºündirdi. ªol wagt ýüzden gowrak ýesir düºenler hatara
durdular. Ýene-de radio arkaly:
— Araòyzda kommunist bar bolsa, hatardan iki
ädim öòe çyksyn! — diýip, dört-bäº gezek gaýtaladylar.
Hatarda duranlaryò öòünde her on ädimden üç awtomatly nemes
esgerleri durdy. Birden men tisginip gitdim, gapdalymdan biri: — Atamyrat
çyk! — diýip elini uzadyp gygyrdy. Soòundanam — Çilimi
kime bermelidigini indi bilersiò — diýip samrady. Muny
gören, eºiden nemes esgerleri ylgap gelip Atamyrady, öòümizde on-on
bäº ädimlikde ýatan gorpuò gyrasyna südenekledip eltdiler. Ýene-de
birnäçe adamy üýºürip, ºol wagt gözümiziò alnynda pulemýota
tutup atdylar, ölenleri gorpa taºladylar, ýatan ýerleri ýagty
bolsun! — diýip, Çary aga jübüsinden ýaglygyny çykaryp
gözüni süpürip, maòa müýnürgenip seretdi. Ýok, ol ýalòyºmady,
meniò gözümde ýaº ýokdy, gamgyn ºekilimi görmedi, göýä men
onuò aýdanlaryna ynanmaýandyr öýdüp — Oglum, ol wagtlar
nemes goºunlarynyò arasynda Gitleriò ýörite permany bardy, ýesir
düºen sowet esgerleriniò arasynda kommunist bar bolsa, tutulan
ýerinde atmaly, beýleki ýesirleri nemes ýesirleri bilen çalyºmaga
ygtyýar berilýärdi. Menem beýlekiler bilen, ýesir çalºygyna düºüp,
uruºdan soò sag-aman gaýdyp geldim — diýip, meniò
ýüzüme ýene-de siòe seretdi.
— Çary aga, beren gürrüòiòe sag bol, bu
zatlar pelegiò iºidir — diýip, otlynyò penjiresine gözümi
dikdim, onuò aòyrsynda mele çäge akyp barýan ýalydy, otly
Türkmenabatdan geçip, Repetegiò çägeliginiò üsti bilen süýnüp
barýardy. Meniò göz öòümde eziz kakamyò sütün ýaly merdana
ºekili janlanyp, päkize pikiri: «Ýok, men ölmen, meniò üç sany
ýaº oglum, olaryò mähriban ejeleri, meniò Gurbansoltanym Ata
Watanymda ýaºaýarlar, olar meniò dowamatym bolarlar» diýen
sözleri gulagymda ýaòlanýardy.
...Men bir zada begenýärin. Atamdanam, kakamdanam
maòa miras galan zat ýok. Emma olar maòa gaty ummasyz uly mirasy
galdyrypdyrlar. ªu ömrüme çenli kakamy, atamy tanan her bir adam: «Seniò
kakaò ºeýle-ºeýle beýik adamdy», «Seniò ataò ºeýle-ºeýle
örän ynsanperwer adamdy» diýip öwýärler, magtaýarlar, ýürege
ornaýan hoº söz aýdýarlar. Heý, ºundan ulam bir baýlyk bolarmy?!
(35-nji
sah.)
|