Çagry beg we Togrul beg


Togrul beg – Beýik Seljuk Türkmen döwletini döredijileriò biri. 


Beýik Seljuk Türkmen döwletiniò baýdagy.


Daòdanakan söweºinde tutuº Aziýa sebitinde däl, dünýäde iò bir kuwwatly türkmen döwletiniò soltany Mahmyt Gaznalynyò ogly soltan Masudyò goºunyny çym-pytrak eden türkmen hanlarynyò kyrka golaýy bir saçagyò baºynda jem bolup, täze türkmen döwletini yglan edýärler. ªonda yslam dininde iki ýola hyrka geýen beýik alym, pir Abu Seýit Abyl Haýyr — Mäne baba hem Çagry beg bilen Togrul bege döwlet patasyny berýär.

(59-njy sah.)


Adam ýogalyp, jesedi ýere siòýär, onuò kalby bolsa hakyda ýollary arkaly nesilleriniò aòyna siòýär. Meniò kalbym — meniò hakydam Oguz hanyò, Togrul begiò, Görogly begiò we ýene-ýeneleriò ýaºaýan ruhy meýdanydyr.

(74-nji sah.)

 


Türkmen taryhynyò üçünji eýýamynda – XI asyryò otuzynjy ýyllaryndan baºlap, türkmen halkynyò taryhynda uly öwrüliºik bolýar: türkmen serkerdeleri Togrul beg (993–1063 ý.) we Çagry beg (991–1061 ý.) dünýäde «Beýik» diýen ady alan Seljuk Türkmen döwletini döredýärler.

Çagrynyò ady Dawut, Togrulyò ady Muhammetdir. Çagry, Togrul beýik serkerdeleriò tahalluslarydyr. Olaryò bürgüt diýen manyny berýän bu ady götermekleriniò göçme manysy bar. Biziò bäºinji eýýamymyzda türkmen ruhy bedew bolan bolsa, üçünji eýýamymyzda türkmen ruhy bürgütdi. ªonuò üçin hem bu eýýamda türkmen serkerdeleriniò bürgüt adyny götermekleri tebigy zatdyr.

Çagry beg bilen Togrul beg Mykaýylyò ogullary, nesilbaºy Seljuk beg Dukagyò agtyklarydyr. Seljuklar türkmenleriò kynyk tiresindendir. Olar 1040-njy ýylda türkmenleriò gaýa tiresinden bolan Mahmyt Gaznalynyò döreden döwletiniò leºgerlerini gadymy Mary ºäherinden 70 kilometr uzaklykdaky Daòdanakan galasynyò ýanynda ýeòýärler. ªol ýeòiºden soò iki doganyò – Çagrydyr Togrul begiò döreden täze döwleti kuwwatlanyp ugraýar.

Iki doganyò hormatyna basyp alan ýerleriniò metjitlerinde hutba okalýar. «Patyºalaryò patyºasy» diýip at alan Çagry beg Merwde, Togrul beg özüni Nyºapurda patyºa diýip yglan edýär. Gysga wagtyò içinde seljuk türkmenleriniò döwletine Balh, Jürjan, Tabarystan, Köneürgenç, soòra Jybal, Hemedan, Dinawar, Hulwan, Reý we Yspyhan birikdirilýär.

1055-nji ýylda Togrul beg Bagdada girýär, halyflaryò paýtagtynda soltan diýlip yglan edilýär, ýedi yklymyò patyºasy diýlen dereje berilýär. 

(112-nji sah.)


Togrul beg, Alp Arslan we Mälik ºa ºol äpet döwlete hökümdarlyk edýärdiler.

(134-nji sah.)


Bu döwleti 1040-njy ýylda, seljuk türkmenleriniò Gazna döwleti bilen söweºip gazanan ýeòºinden soò, Seljuk serkerdäniò agtyklary Togrul bilen Çagry binýat etdi. Olar Oguz hanyò iò körpe agtygy Kynygyò neberelerindendir.

(225-nji sah.)


Seljuk beg ýaºy ýüzden geçip, Jentde aradan çykansoò, ogly Arslan han Togrul bilen Çagryny Buharanyò ýanyndaky Nur ýaýlasyna getirýär. Emma Seljuk begiò edep-terbiýesini alan iki doganyò bar arzuwy Horasana geçmek, ºol ýerini özlerine ymykly ýurt tutunmakdy.

ªu maksat bilen hem yz çalmak üçin Çagry ýetginjek ýigit çykyp, ýanyna ýigitlerini toplap, Horasandan geçip, tä Rum iline çenli ýöriº edip gelýär. Arslan hanyò soltan Mahmyt tarapyndan zyndana atylmagy netijesinde, iki dogan Horasana geçmegi ymykly ýüreklerine düwýär.

Olar 1035-nji ýylda Jeýhun derýasyndan geçýärler.

Ilki maksatlary Täk gala töweregine gelmek bolýar. Ony gowulyk bilen soltan Mesuda düºündirip, hat ýazýarlar. Hatda ºeýle diýilýär: «Çölüò gyrasynda bolan Nusaý bilen Paraw welaýaty bize berilsin, goºumyz bilen haýwanlarymyzy o ýere goýaly, aladasyz bolaly. Balhan dagyndan, Dehistandan, Köneürgenç serhedinden we Jeýhun taraplaryndan hiç bir arabozaryò kellesini galdyrmagyna maý bermeris».

Nama bilen düºüniºip bilmänsoòlar, 1038-nji ýylda Täk galanyò töwereginde seljuklar bilen Gazna döwletiniò ýygynynyò arasynda ilkinji söweº bolýar. Söweºde seljuklar ýeòiº gazanýarlar. Soò Sarahs töwereginde bolan söweºde hem ýeòiº ýene seljuklaryò paýyna düºýär. 1040-njy ýyldaky Daòdanakan söweºi bolsa, seljuklara beýik Seljuk döwletini getirýär.

Bu ýeòiº olara ata ýurduny ömürlik gaýdyp berýär.

Söweºden soò, Maryda bolan uly türkmen gurultaýynda döwlet yglan edilip, oòa Togrul beg hökümdar, Çagry beg serkerde hökmünde bellenilýär. Soltan Togrul beg Reýde (hökümdarlygy 1040 — 1063 ý.), Horasan hökümdary Çagry batyr (hökümdarlygy 1040 — 1060 ý.) Maryda galyp, iki dogan gaty agzybir döwleti dolandyrýarlar.

(225-nji sah.)


Mähriban watandaºym, beýik türkmen ogullarynyò — Muhammet Togrul begiò, Dawut Çagry batyryò, Alp Arslanyò, Mälik ºanyò, Soltan Sanjaryò döreden döwletleri, gahrymanlyklary, mertlikleri, parasatlylygy, özlerini bütin yslam döwletleriniò soltany diýip yglan etdiriºleri deòi-taýy bolmadyk wakadyr. Türkmen halkymyz üçin ol beýik ºahslar barada aýratyn kitaplar, maglumatlar ýazylmalydyr. Guwan, türkmenim, aslyòa!

(227-nji sah.)


Beýik seljuk türkmenleriniò döwletini esaslandyran Dawudyò hem Muhammediò ruhy atlary-da — bürgüt atlary — Togrul we Çagry boldy. ªol döwürde symrug hem humaý guºlary türkmen ruhunyò daýançlary bolupdy.

(229-njy sah.)


Danalykda danyºment bol, Pyragydyr Gorkuda,
Batyrlykda — Alp Arslana, Çagry bege, Togrula.
Yzdan ýörmek geliºmez Oguz hanyò kowmuna
Türkmeni beýik türkmen edip biljek — türkmendir!

(303-nji sah.)