Türkmenistanyò Bitaraplygy

Bu topraga, bu diýara beýik Allatagalanyò nazar salan diýary Türkmenistan — Garaºsyz, baky Bitarap Türkmenistan diýerler!

(79)


Men ertirki bagtyýar günümizi görýärin. ªu günki, ertirki bagtyýar ýaºaýºymyza hiç bir zadyò zeper ýetirip bilmejekdigine, baky Bitaraplygymyza çäksiz buýsanýaryn.

(158)


Garaºsyz,baky Bitaraplyk ýolumyz türkmen milletimiziò mähir-muhabbetinden, arzuw-telwasyndan, asylly maksatlaryndan dörän, Altyn asyrda altyn ruhda, altyn ýaºaýyºda ýaºadýan ýoldur. Bu ýol türkmeniò bakylyk-dowamat ýoludyr.

(164-165)


Türkmenler parahatçylyk söýüji, ylalaºdyryjy millet

Men Birleºen Milletler Guramasynyò döredileniniò 50 ýyllyk dabarasynda hemiºelik Bitaraplyk ºygarymyzy dünýä yglan edenimde, oguzlaryò-türkmenleriò, seljuklaryò ýaýran sebitindäki medeniýetlerde miras paýymyzyò bardygyny ýöne ýere aýtmadym. Häzirki zamanda bu biziò biri-birimize taryhdan gelýän düºüniºmek ýolumyzyò gowy nusgasy bolup hyzmat edýär. Bularyò barysy türkmenleriò parahatçylyk söýüji, ylalaºdyryjy häsiýetini diòe bu gün bilmeli däl, hatda olar taryhy barlygy bilen bizi gowy tanan, gatnaºygy bolan ýurtlardyr, ºonuò üçin ilki bilen biziò goòºularymyz, sebitdäki döwletler Bitaraplyk derejämiz alnanda bizi goldadylar. Bütin dünýä goldady.

(244)


Garaºsyzlygymyzdan soò, biziò gazanan ýene bir uly binýadymyz bar, ol hemiºelik Bitaraplygymyzdyr.

(244)


Oguz atamyzyò ynanjy – Garaºsyz döwletimiziò binýady

Gögüò hemiºe asuda bolmagyny Oguz hanyò bäº müò ýyl ozal diliniò dogasyna öwrüp sena edendigi hakykatdyr, açyk asmanyò asuda bolmagy atalarymyzyò ynanjy bolupdyr. Biz halkymyzyò gadymdan gelýän bu ynanjyny Garaºsyz döwletimiziò esasy binýadynyò birine öwrüp, ony kanun­laºdyryp dünýä doldurjagymyza ynandyk.

(243)


Dünýä dolmagyò açary asudalykdan baºlanýar

Dünýä dolmagyò açarynyò asudalykdan baºlanýandygyny ilkinji günlerden bäri bilýärdik, hatda il-günümiz onuò goòºokara tabagyndan baºlanýandygyna ynanyp gelipdir. Biz bu hoºniýetli häsiýet­lerimizi has ösdürdik, ony ykdysadyýetimizde Açyk gapylar syýasatyna, daºary syýasatymyzda bolsa, hoºniýetli Bitaraplyk syýasatyna öwürdik. 

(243)


Açyk gapyly Türkmenistan

Jahana dolmagyò, oòa göwnüòi berip, dünýäni göwnüòe doldurmagyò ýolunyò ilki bilen öz öýüò hözirini görüp bilmekdigine düºündik. ªeýdip, baºdan açyk gapyly Türkmenistany döredip, ähli göwünlerde tagt gurmagy baº wezipelerimiziò biri saýdyk. Ilki bilen sebitdäki goòºy döwletlerimizden baºlap, dünýädäki ähli döwletler biziò ýolumyzyò dogrudygyny aýdyp, bizi goldap baºladylar. 

(243)


Türkmenistan – dünýäniò ýeke-täk resmi Bitarap döwleti

Döwletimize 1995-nji ýylyò 12-nji dekabrynda 185 döwletiò ses bermegi bilen Birleºen Milletler Guramasynyò Baº Assambleýasy tarapyndan hemiºelik Bitaraplyk derejesi berildi. ªeýdip, dünýäde ilkinji gezek bitarap döwlet kanunlaºdyrylyp, dünýäniò ýeke-täk resmi Bitarap döwleti bolduk. Birleºen Milletler Guramasynyò baýdagyndan parahatlyk nyºany hökmünde zeýtun baldajygyny alyp, ýaºyl baýdagymyza ýerleºdirdik. 

(243)


Garaºsyzlygymyz, Bitaraplygymyz Altyn asyrymyza ýalkym saçar, ºol belentliklerimizden nur alyp, Ruhnamamyzdan ruh alyp, nesip bolsa, geljegimizi tutuºlygyna altyna öwreris.

(245)


Syýasy jähtden, öz donumyzy özümiziò biçmegimize ygtyýar beren Garaºsyzlygymyz, jümle-jahana parahatlygyò gül ysyny ýaýradýan Bitaraplygymyz barka, halkymyzyò baý ruhuny öòe çykaryp, adam gatnaºyklarynda, döwrebaplykda nusga alarlyk derejä ýetjegimiz görnüp dur.

(245-246)


Bu döwlet berkarar bolsun, ömürbaky synmasyn, onuò raýatlarynyò hiç haçan baºy egilmesin diýip, oòa dünýäde iò ýokary ygtybarlylygy — Bitaraplyk hukugyny alyp bermek bagtyny meniò hem egindeºlerimiò ykbalyna ýazandygy üçin keremli Taòrydan müòde bir razydyryn.

(255)


ªu günki üstünlikleriò baºlangyjy Garaºsyzlygyò we baky Bitaraplygyò ýetiºdiren miwesidir. 

(287)


Garaºsyz we baky Bitarap türkmen ilimiz dostlugyò we doganlygyò ili bolmalydyr.

(359)


Uly-uly döwletler gurup, aga-ýana döwran süren ata-babalarymyzyò haky üçin, Watan ugrunda baºyny goýan ärleriò, ºirleriò, gerçekleriò haky üçin döwletimizi — Garaºsyz, baky Bitarap Türkmenistany kuwwatly, beýik döwlete öwreliò!

(404)


Türkmen halkym hiç mahal uly halkyò öòünde kiçel­mesin, kiçi halkyò öòünde ulalmasyn. Dünýäde döwletara, milletara gatnaºyklarynda, türkmenler, deòag­ramlylygy saklaò, ol hemiºelik Bitarap  Türkmenistanyò syýasatynyò sarsmaz bir sütüni bolsun!

(406)