Oguz han bilen kakasynyò arasyndaky ýekehudaýlylyk barada gapma-garºylyk

Oguz han kakasynyò dini ynanjyndan ýüz öwrüp, täze bir ynanja gol ýapýar
«Oguznamalaryò» ºaýatlyk etmegine görä, Oguz han ºahsyýet hökmünde ir kemala gelipdir. Kemala gelibem, ol kakasy bilen gapma-garºylyga girýär. Bu ýerde gürrüò ownuk dawa-jenjel hakynda däl-de, jemgyýeti özgertjek tutumlar hakda barýar. Oguz han bilen kakasynyò arasyndaky gapma-garºylygynyò esasynda düýpli sebäp ýatýar: Oguz kakasynyò dini ynanjyndan ýüz öwrüp, täze bir ynanja gol ýapypdyr. Ol ýekehudaýlylyk ynanjynyò, kakasy bolsa köphudaýlylyk ynanjynyò tarapynda. Bu wakalarda biz taryhy özgeriºlikleriò ýaòyny eºidýäris.


Türkmen milleti Oguz handan baºlanýar
Men türkmen milleti Oguz han Türkmenden baºlanýar diýýärin. Oguz han bolsa ýekehudaýlylykdan baºlanýar, ynançdan — ruhdan baºlanýar. Onsoò bu ýerde möhüm bir pikiri nygtamalydyryn: türkmeniò Oguz handan baºlanýan bäº müò ýyllyk taryhy iºjeòligi, ýöriºleri, ösüºleri ºol owalbaºky ruhy pikiriò, ruhy tapyndynyò amala aºmagydyr. Bütin türkmen üçin ýeke-täk ynanjyò, ýeke-täk gymmatlygyò ýüze çykarylmagy bu halkyò içki barlygynda baslygyp ýatan ähli akyl hem ýürek, beden hem köòül kuwwatynyò peýda bolmagyna getiripdi.

(161-nji sah.)