Türkmenistan – bagy-bossan

Oguz han türkmen topragynyò bagy-bossanlyk bolmagyny isläpdir. Ol her esgere söweºden öò nahal ekdiripdir. Nahal ekmedik esger ýöriºe äkidilmändir. Oguz han döwründe biziò ata-babalarymyz dag eteklerine, Bäherden taraplaryna, Durun taraplaryna ýazlamaga geler ekenler, ol ýerler biziò halkymyzyò oturymly ýerleridir. Dagdaky arçalary çapmak günä hasaplanypdyr. Ýöne geçen asyrda bu ýere demir ýoluny çekjek bolanlarynda sypaly uzak ýerden getirjek bolup durmandyrlar. Käbir ýerli hannaslaryò pul bilen gözlerini güýdüºdirip, dagdan sypallyk agaç getirdipdirler. ªondan soòam Köpetdagyò äpet-äpet arçalary satuwa düºüp, towsa göterilipdir.

(178-nji sah.


Biziò ilata tebigy gazy mugt berýändigimiziò, «Gök guºak»  syýasatymyzyò durmuºa geçirilmegi netijesinde, türkmen topragynyò ata-babalarymyzyò döwründäki gözelligine, bereketine eýe boljakdygyna berk ynanýaryn, guwanýaryn.

(179-njy sah.


Ýunan alymlary Diodor we Strabon Girkaniýanyò we Margiananyò gözel tebigaty barada

Türkmen topragynyò ata-babalarymyzyò döwründäki gözelligine, bereketine diýenimde men nämeleri göz öòünde tutýaryn. Gysgaça aýdanymda, men biziò eýýamymyzdan öòki I asyrda ýaºap geçen ýunan alymy Diodaryò, biziò eýýamymyzyò I asyrynda ýaºan Strabonyò ýazgylaryndaky tebigat gözelliklerini we bereketini göz öòünde tutýaryn. Ine, olaryò galdyran ýazgylaryndan iki bölek mysal: «Aleksandr (Makedonskiý) Girkaniýanyò ähli ºäherlerini basyp almak bilen, «Bagtly ilat»  diýilýän ýere ýetdi. Dünýäniò hiç bir ýurdy özüniò baýlygy hem-de täsin miweleri bilen oòa taý gelip bilmez. Girkaniýa köp ºäherli, gaty uly, mes toprakly düzlük ýurt. Bir düýp üzümiò hasyllylygy 450 kilograma, injiriòki 3 tonna barabar bolýar. Orak wagty ýere dökülýän däneler bolsa geljek ýylyò bol hasylynyò düýbüni tutmaga bolelin ýetýär. Ol ýerde dub agajyna meòzeº daragt bar. Onuò ýapraklaryndan bala meòzeº suwuklyk akýar. Ýerli ilat ony iýmit üçin peýdalanýar. Tokaýlarda balçylyk bilen meºgullanýarlar» .

«Çöller bilen gurºalan oazis Marg derýasy bilen suwarylýar. Margiananyò ýerleri örän täsin. Ol ýerde bitýän üzümler örän ajaýyp, olaryò her hoºasy iki tirsek boýuna çenli ýetýär. Bu üýtgeºik mes toprakly oazisi goramak üçin Antioha, Söter onuò daºyna ini 5,2 metr bolan, uzynlygy 250 kilometre ýetýän beýik haýat aýlady» .

Ol haýat ýene bolar, ýöne ol indi palçykdan däl-de, göm-gök öwüsýän daragtlardan bolar.

(179-njy sah.)


Nesip etse, türkmeniò bagy-bossanam türkmeniò topragynda ýaòadan öwüºgin atar.

Türkmenistan bagy-bossan bolar.

Bu mesele döwletiò syýasaty bolmalydyr, senem, mähriban ildeºim, Türkmenistanyò jennete öwrülmegi üçin çalyº. Men her bir döwletli türkmen maºgalasyna ýüzlenýän: Taòrynyò öòündäki, iliò öòündäki bergisini berjek bolsa, her maºgalanyò agzasy ýylda bir nahal agajyny ýaºaýan köçesinde, howlusynda, töwereginde, öwlüýäde eksin!

(381-nji sah.)