|
Bir
üýºmeleòde oba ogrusy hakda gürrüò bolýar. ªonda Azady ºol
ogrynyò gowy sypatyny açyp görkezýän bir wakany oturanlara gürrüò
beripdir. Halypasyna belet sopular dil düwºen ýaly, ýeke-ýekeden
ºol ogry diýilýän adamyò gowy tarapy hakda söhbet edipdirler.
Bu gürrüòe beýleki adamlar hem goºulypdyr, garasaý, ºol
ogryny periºdäniò bäri ýanyndaky adam edip goýaýypdyrlar...
Aý geçýär, gün geçýär, günleriò bir güni ºol
ogry Azadynyò öýüne baryp:
— Gudratyòyzdan aýlanaýyn, Azady ahun, meni nä günlere
saldyòyz? — diýip, galkyjaklapdyr. — Siziò
pylan üýºmeleòde eden gürrüòiòiz maòa baryp ýetdi, eºidip
depäm gök diredi. Ogurlygy ºol gün kesdim. Ýöne sähel telek
iº etsem «Azady ahun eºidäýse näme diýerkä?» diýip, gaty
heläk bolýan. Siz böwrümiò bir ýerinde otyrsyòyz — diýipdir.
— Seniò böwrüòde imanyò otyr, inim, seniò
ynsabyò oýanandyr...
Ýene bir üýºmeleòde Azadydan biri
sorapdyr:
— Ahun aga, siz pylanynyò ogrudygyny bilýädiòizem
weli, arada ony magtap, asyl adam edip goýaýdyòyz, munuò
hikmeti nedir?
— Birew
barada sen ýagºy gep aýtsaò, men ýagºy gep aýtsam, ol ýagºy
gep aýtsa, onuò bir topar ýagºy taraplary görner. Eger
tersine, birew barada sen bir ýaman zat diýseò, men bir ýaman
zat diýsem, ol gazanyò garasy çalnan ýaly bor. Oòarsaò,
birewiò ýamanyny ýapyp, ýagºysyny ýaýyò! ªeýtmek türkmen
halkyna muwapyk sypatdyr.
(301-302)
Döwletmämmet Azady «Baýlyklaryò
baýlygy — parasat, miraslaryò iò gymmatlysy — edep-terbiýe,
gedaýlygyò gedaýlygy — nadanlyk» diýipdir.
(43)
|