Türkmene taryhy tejribäni paýhas
eleginden geçirmek üçin, indiki galkynyºyò gözýetimlerini
kesgitlemek üçin pursat hem asuda durmuº gerekdi. ªonuò üçin, bu
eýýamda türkmen kän öýünden çykman, daºaryk seretmän, öz güni
bilen boluberdi. Bu döwrüò ruhy ýolbaºçysy Magtymguly Pyragydyr.
(293)
Jemgyýet nähili asuda, parahat hem-de
sazlaºykly bolanda-da, durmuºyò kynçylyklary we meseleleri özüne
ýetik bolýar. ªo hili kynçylyklara duçar bolanda, adamyò
adamlygyny ýitirmezligi, göwnüniò çökmezligi, sustunyò pese düºmezligi
zerurdyr.
(308)
Baýlygy halal gazanmak, halal baýlary
köpeltmek jemgyýetiò agzybirligi, sagdynlygy we asudalygy baradaky
aladalar bilen baglanyºyklydyr. Haram baýlyk köpeldigiçe, jemgyýetiò
ahlak sagdynlygyna-da barha köp zeper ýetýändir. Halal adamlar jemgyýetde
ynamy we guwanjy döredýär. Olar jemgyýetiò ahlagyny arassalaýjy
seriºdedir. Halallyk artdygyça adamkärçilik hem artýar.
(361)
Eziz ilim, ºu Ruhnamadan ugur alynsa, Türkmenistanyò
öz Garaºsyzlygyny, öz ilatynyò asuda, parahat durmuºyny ösdürmäge,
goramaga güýjüniò ýetjekdiginden gaty arkaýyn bolup bilersiòiz.
(376)