|
|
Ärtogrul
we Osman gazy
|

Ärtogrul gazy
|
|
624 ýyllap dowam eden, ºol döwrüò
içinde 36 adamyò soltanlyk eden Türkiýedäki Osman nesilºalygy
1299-njy ýylda Osman gazy tarapyndan esaslandyrylýar.
1258-nji ýylda doglan Osman gazy
belli türkmen serkerdesi Ärtogrul gazynyò üçünji ogludyr.
1277-nji ýylda Söwütde, Anadolyda mesgen tutan türkmen
toparlary özleriniò daºary ýurt duºmanlary tarapyndan her hili
horluklara sezewar edilýändigini, howandar, goldaw isleýändiklerini
aýdyp, ata Watana — Maryda ýaºaýan howandarlaryna, Ärtogrul
gaza ýörite habar ýetirýärler. ªol habar esasynda Maryda
ähli türkmen
taýpalarynyò gatnaºmagynda maslahat geçirilýär. Netijede,
Ärtogrul gazy 400 sany ýigidi bilen Anadolydaky türkmenlere
goldaw-kömek bermek üçin ugraýar.
|
|
Ärtogrul gazynyò ýolbaºçylygynda
Merwden ugran 400 atly Oguz
hanyò her bir türkmen esgeri müò duºmana taý bolmalydyr diýen wesýetini
berjaý edip biljek, atabeglerden söweº, serkerdelik tilsimatlaryny
birkemsiz öwrenen saý ýigitlerdi.
Atabeglerden söweº, serkerdelik tilsimatlaryny öwrenen Osman
gazy ýigrimi ýyldan soò — 1299-njy ýylda Türkiýede güýçli
döwlet döredýär.
(136-njy
sah.)
|
|
Bu beglikleriò dörän hem synan ýyllaryna
üns beriò. Ol beglikleriò
bir topary seljuk türkmenleriniò döwleti synanynda dörese, ýene bir
topary Köneürgenç türkmenleriniò döwleti synanynda döräpdir.
Ol beglikler synyp, dargap giden beglikler däl, olar wagtyò geçmegi
bilen Osman gazy Türkmeniò güýjäp barýan begligine goºulypdyrlar.
(111-nji
sah.)
|
|

Osman Türkmenleriniò
döwletiniò baýdagy
|
|
Eýýäm 1300-nji ýyllara çenli
Anadoly seljuk türkmenleriniò döwleti dagap baºlaýar. Onuò ýerini
ýuwaº-ýuwaº türkmen beglikleri alýar. Taryhda Osman türkmen döwletini
döreden ºol türkmen beglikleridir. Olaryò baºyny Ärtogrul gazy çekipdir,
özüniò dört ýüz türkmen atlysyna baº bolup gelendigi aýdylýar.
|
|
|

Ärtogrul
gazynyò türbesi.
(Türkiýe. Söwüt.)

Ärtogrul gazynyò gubury
(Türkiýe. Söwüt.)
|
|
Ärtogrul gazy dogany Dündar bilen Anadolynyò ýollaryny baglaýar.
Beýleki iki dogany Gündogdy bilen Sungur hökümdar Horasana dolanýar.
Ärtogrul gazy «Bu 400 türkmen öýlüden bir döwlet dünýä iner»
diýip, altyn sözleri aýdypdyr. Olar Anadoluda birnäçe ýerlerden geçip,
1270-nji ýylda Söwüdi wizantiýalylardan basyp aldylar. Seljuklylaryò
soltany Alaeddin Keýkubat bu ýeòºi üçin Söwüdi oturmaga, Domaniç we Ermeni dagyny bolsa, ýaýla
üçin Ärtogrul bege berdi. Ärtogrul beg tiresi bilen Söwüde ýerleºdi.
Ol 1281-nji ýylda 93 ýaºynda wepat bolýar.
Ärtogrul gazydan soò begligiò baºyna ogly Osman geçdi,
1300-nji ýylda bolsa, Anadoludaky türkmen begleri toplanyp, uly döwlet
döretdiler.
|
|
|
Osman gazy Ärtogrul begiò üç oglundan biridir. Osman beg beýleki
doganlaryndan aýratyn tapawutlanmaýardy, ýöne barypýatan bir häkimiýetçilik
häsiýeti bardy. Kakasy wepat bolandan soòra, tiräniò ähli begleri
hem Osman gazynyò tiräniò baºyna geçmegini isleýärler. Ol begligiò
baºyna geçen wagty 23 ýaºynda bolupdyr. Osman beg türkmeniò görmegeý
ýigidi bolupdyr, ol uzyn boýly, giò döºli, galyò we çytyk gaºly,
ala gözli we goç burunly bolupdyr. Iki gerdeniniò arasy gaty giò
bolupdyr, göwresiniò bilden ýokary bölegi aºaky bölegine görä
has uzyn bolupdyr.
Kakasy Ärtogrul gazy ölüm ýassygynda ýatyrka, ºeýle wesýet
edipdir diýip taryhy çeºmelerde görkezilýär: «Oglum! Ölümine boýun
egmän dünýä gelen hiç bir adam ýokdur. Maòa-da Hezreti Allanyò
emri bilen ölmüm ýakynlaºdy. Bu döwleti saòa amanat edýärin.
Seni hem Taòra tabºyrdym. Her iºiòde adalaty ýokarda goý».
Kakasy Ärtogrul gazy bilen Osman begiò guran döwleti soòlugy
bilen Osman döwleti ady astynda dünýäniò üçden birine 600 ýyldan
gowrak wagtlap höküm edýär.
(236-njy
sah.)
|
|
|