Onlarça döwletden paç alyp, ºalar ºasy bolup ýaºan beýik türkmen
soltany Alp Arslan goluna düºen ganym duºmany ölüm jezasyna höküm
edýär.
— Her goluna, aýagyna at
baglap dört para eýläò!
Duºman ýöne duºman däl, duºmanlaryò
hany, ol:
— Sen namart, maòa mert ölümi
hem rowa görmeýärsiò! — diýip gygyrýar.
Alp Arslan serkerdelerine ümläp, oòa
ýarag berdirýär. Soltan gazaplanyp gylyjyny syryp, duºman bilen gylyçlaºmaga
ylgaýar, ýöne gazap gany beýnisine uran soltan çadyryò ýüpüne büdüräp
ýykylýar, ºondan peýdalanyp, duºman oòa gylyç urup ýetiºýär...
Hekimler ony bejerip baºlaýarlar,
her kim namart duºmana gargaýar, ºonda Alp Arslan:
Bu emgegi duºmandan görüp oturmaò,
bu emgek ýokardan geldi... Düýn hol depä çykanymda göwnüme men-menlik
aralaºdy. Giò dünýä sygman ýaýrap ýatan ýygynymy, akly-gyzylly
çadyrlarymy, ýigitlerimi synlap: «Heý, Alla, ýedi yklymda meniò
alnymdan çykybiljek patyºa barmydyr?»
diýip, içimden öwündim. Bu bela ºondan gelen bela! — diýipdir.
(194-nji sah.)
Nyzamylmülk köºk hile-pirimini
ulanyp, beýik wezirlik wezipesine geçdi diýip takyk aýdyp bolar. Ol
garry wezir bilen soltan Alp Arslanyò arasyna duºmançylyk atmagy baºarýar.
Ýaº soltan garry weziri ölüme höküm edýär. ªonda garry wezir ölüminiò
öò ýany Nyzamylmülke:
– Sen türkmen hökümdarlaryna gan dökmegi
öwretdiò! — diýýär.
(223-nji sah.)
1063-nji ýylda Çagry begiò ogly
Alp Arslan tagta geçýär. Ol türkmenlere Rum iliniò derwezesini açan
soltandyr.
(227-nji sah.)
Mähriban watandaºym, beýik türkmen
ogullarynyò — Muhammet Togrul begiò, Dawut Çagry batyryò,
Alp Arslanyò, Mälik ºanyò, Soltan Sanjaryò döreden döwletleri,
gahrymanlyklary, mertlikleri, parasatlylygy, özlerini bütin yslam döwletleriniò
soltany diýip yglan etdiriºleri deòi-taýy bolmadyk wakadyr. Türkmen
halkymyz üçin ol beýik ºahslar barada aýratyn kitaplar, maglumatlar
ýazylmalydyr. Guwan, türkmenim, aslyòa!
(227-nji sah.)
Bu döwletiò binýat edilmeginiò
esasy sebäpleriniò biri soltan Alp Arslanyò 1071-nji ýylda Malazgirt
söweºinde ýeòiº gazanmagydyr.
(230-njy sah.)
Danalykda danyºment bol, Pyragydyr
Gorkuda,
Batyrlykda — Alp Arslana,
Çagry bege, Togrula.
Yzdan ýörmek geliºmez Oguz hanyò
kowmuna
Türkmeni beýik türkmen edip biljek — türkmendir!
(303-nji sah.)
Garaºsyzlygyò hatyrasyna seniò
ata-babalaryò katra-katra ganyny dökdi. Oguz han, Gorkut
ata, Alp
Arslan..., Gökdepe galasynyò gahrymanlary ýaly ençeme men-men diýen
ärler mertlikde türkmeni ýedi yklyma tanatdy. Sen olaryò neslisiò.
Saòa diòe mertlik we watansöýüjilik ýaraºar. Watanyò duzuna,
asly halal ene süýdüne wepaly bol! Çünki Watan duzy we ene süýdi — mukaddesdir,
keramatdyr.
(336-njy sah.)
|