Onlarça
döwletden paç alyp, ºalar ºasy bolup ýaºan beýik türkmen soltany
Alp Arslan goluna düºen ganym duºmany ölüm jezasyna höküm edýär.
— Her goluna, aýagyna at baglap dört para
eýläò!
Duºman ýöne duºman däl, duºmanlaryò hany, ol:
— Sen namart, maòa mert ölümi hem rowa
görmeýärsiò! — diýip gygyrýar.
Alp Arslan serkerdelerine ümläp, oòa ýarag
berdirýär. Soltan gazaplanyp gylyjyny syryp, duºman bilen gylyçlaºmaga
ylgaýar, ýöne gazap gany beýnisine uran soltan çadyryò ýüpüne
büdüräp ýykylýar, ºondan peýdalanyp, duºman oòa gylyç urup
ýetiºýär...
Hekimler ony bejerip baºlaýarlar, her kim namart duºmana
gargaýar, ºonda Alp Arslan:
— Bu emgegi duºmandan görüp oturmaò, bu
emgek ýokardan geldi... Düýn hol depä çykanymda göwnüme men-menlik
aralaºdy. Giò dünýä sygman ýaýrap ýatan ýygynymy, akly-gyzylly
çadyrlarymy, ýigitlerimi synlap: «Heý, Alla, ýedi yklymda meniò
alnymdan çykybiljek patyºa barmydyr?» diýip, içimden öwündim. Bu
bela ºondan gelen bela! — diýipdir.
(194-nji
sah.)