Beýik Alla

BEÝIK ALLANYÒ ADY BILEN

Eziz halkym!

Mähriban milletim!

Gudraty güýçli, bu täsin dünýäni döreden eziz Taòrynyò ýüregime salan emri esasynda dörän kitap — türkmeniò Ruhnamasydyr.

Adamzat döräli bäri Beýik Alla türkmen milletini taryhyò dürli döwürlerinde uly-uly synaglardan geçirdi. Meniò halkym ol synaglaryò öòünde durup bildi.

(9-njy sah.) 


... Beýik Allatagala gözeldir we ol gözel zatlary söýýär, türkmen Beýik Allatagalanyò söýgüsine mynasyp adam bolmalydyr.

(16-njy sah.) 


Okamak, öwrenmek — Beýik Allatagalanyò alkyºydyr.

(17-nji sah.) 


Söz — beýik Allatagalanyò ynsana eçilen iò keramatly peºgeºidir.

Söz — ynsanyò miwesi. Ýöne ol miwe adama Alla tarapyn berilýändir.

(20-nji sah.) 


Allanyò kitaby — Gurhany kerim mukaddesdir, ony hiç bir kitap bilen çalºyp bolmaz.

(21-nji sah.) 


Beýik Allatagala bizi Adam edip ýaratdy, biz adam bolup dünýä indik, indi ajaýyp bir jemgyýet gurup, eºretli döwran sürüp, her bir ildeºimiziò ýagºyzadalaºmagyna ýol açmak biziò mukaddes borjumyz!

(28-nji sah.) 


Beýik Allatagaladan dilegim, türkmeni aslyna gaýdyp getir! Oguz handan baºlap orta asyrlaryò ahyryna çenli agzybirligi, batyrlygy, watansöýüjiligi, halallygy, geçirimliligi, dini, dili, medeniýeti — Beýik Ruhy bilen tanalan halk hökmünde ýaòadan XXI asyrda milletimiziò dowamatyny ber, ýeke-täk Beýik Taòrym! Beýik Taòrymyza sygynyp, her bir türkmen asly halal ata-babalarymyzyò gylyk-häsiýetlerine eýe bolsun!

(45-nji sah.) 


Türkmen beýik Allatagalanyò ýeke-täkligine uýdy, Allanyò ýedi yklymda wakalaryò barºyny ugrukdyrýandygyna ynamyny hemiºe saklaýar, durmuºdaky her bir wakada tutuº heòòamdaky her bir hadysada onuò gudratynyò alamatlaryny görýär, ony senalarynda ýatlaýar, oòa sygynýar.

(58-nji sah.) 


Adam — Allatagalanyò Wagty syzmak üçin ýasan guralydyr. Beýnisinde akyl bolany üçin, adamyò süòòi-de özge janly-jandarlaryòkydan tapawutlydyr, ýagny Wagty syzmaga ukyplydyr.

(73-nji sah.) 


Türkmen bir iºe baºlamazdan ozal, böwrüne diò salýar, böwrüne geòeºýär, ynsanyò böwründe bolsa Allatagala otyr. Böwrüòize diò salyò!

(95-nji sah.) 


Bir zat aýan: dünýä, adamzada, ýaºaýºa diòe Allatagalanyò nazary bilen seretmeli! Emma Allatagalany gören-bilen, oòa akyl ýetiren ýok, ºonuò üçinem Allatagalanyò kalbyòa salan ynsaby-imany bilen seretmeli!

(185-nji sah.) 


Dünýäde Adamdan beýik keramat ýokdur, Adamyò mertebesi Allatagalanyò münberidir.

(190-njy sah.) 


Allatagala sizi men-menlikden daº etsin, Allaòyzdan aýra düºmäweriò!

(197-nji sah.) 


Allatagala mawy boºluk içre aýlanyp duran Zeminine hak aºyk bolup Adam ogluny ýaradypdyr. Adam ogly ýaradylmyº topragyna-da, dünýäsine-de, Allasyna-da hak aºykdyr.

(200-nji sah.) 


Allatagala adamy ºeýle ýaradypdyr: hakyky azatlyk hem, hakyky gulçulyk hem adamyò içindedir.

(202-nji sah.) 


Türkmen milleti Allanyò nazar salan, Allanyò söýen milletidir. Men muny göze dürtülip duran bir hakykatda görýärin: Allatagala türkmeni söýeni üçin hem ony bäº müò ýyl bäri ýaºadyp gelýär. Eger söýmedik bolsady, onda birmahal ony Wagt aždarhasynyò agzyna bererdi.

(206-njy sah.) 


Garaºsyz, baky Bitarap Türkmenistan, türkmen keramaty, türkmen mukaddesligi senden baºlanýar. Senden ýokarda diòe Allatagala bardyr.

(247-nji sah.) 


Allatagalanyò öz döreden bendesine — Adama bolan beýik söýgüsini her bir ädimde görýärin. Üç ýüz segsen müò görnüºli ot-çöp bar, olaryò hemmesi hem gülleýär, hemmesi hem özüni Adama görkezmek üçin gülleýär! Ol güller biri-birinden owadan, biri-birinden ysly, biri-birinden täsin. Olaryò hemmesi Allatagalanyò adama goýan sarpasy ahyry! Allatagala bu dünýäni adamzat üçin ýaradypdyr. Allatagala tebigaty, ähli oty-çöpi, guº-gumursylary, ähli zatlary adamzat üçin ýaradypdyr. Ähli zat Allatagalanyò beýik söýgüsinden döräpdir.

(251-nji sah.) 


Allatagala adamy döredende oòa ten beripdir, ruh beripdir. Adamyò ruhy belent bolanda, her adamyò ruhy jemlenip, halkyò ruhuny emele getirýär. Her adamyò ruhy belent bolanda, halkyò ruhy belent bolýar.

(288-nji sah.) 


Biziò jigerimiz Allatagalanyò mübärek demi bilen iºläp durandyr, biziò jigerimiz mähir-muhabbetden, söýgüden, ylahy nurdan püre-pür, ruhy nygmatlardan doly jadyly saçak. Ondan alyp, özgelere paýladygyòça, hazynasy köpeler, aýadygyòça, azalar, gurar!

(298-nji sah.) 


Adam Hudaýa tarap barýar! Ähli beýik dinler, adam ýogalandan soò, ruhy päklenip, hökman Allanyò dergähine barmaly diýýärler.

Adam dirikä ºol ýola düºmeli.

Biz Hudaýyò dergähine barýan bolsak, onuò ýanyna barmaga mynasyp bolmagymyz gerek.

(300-nji sah.) 


Allanyò bendesiniò ýagºysyny ýaýyò, ýamanyny, belki, onuò özi düzeder.

(302-nji sah.) 


Ruhuòyz beýik bolsun! Ruh ynsan göwresine Allatagalanyò salan jan guºudyr, mübärek demidir, päkize, keremli nepesidir. Allatagala ony dabaraly ýaºaýyºda tug ýaly pasyrdadyp, hoº bolup, keýp bilen ýaºarsyòyz diýip berendir.

Ýaºaýan wagtyòyz ruhuòyzy beýikde tutuò, goý, ol siziò ºahsy tuguòyz ýaly al-asmanda pasyrdap, ganat kaksyn! Ahyry ýene Allatagala öwrülip barjak ruhuòyzdyr. Onuò dergähine göýdük, gamgyn, para-para bolan periºan ruhly baryp bolmaz! Ýaºaýºy, durmuºy, bala-çagalaryòyzy söýüò!

(304-nji sah.) 


Ruh — biziò gursagymyzda Allatagaladan parçadyr! Allanyò bagyº eden ruhuny mynasyp beýiklikde saklamak parzdyr

(305-nji sah.) 


Alla ýaradandyr — ýaradyjydyr.

(321-nji sah.) 


Allanyò öòünde imanyò, milletiò öòünde zähmetiò seniò iò uly güwäòdir.

(330-njy sah.) 


...Allatagala adamy nurdan-ruhdan ýaratdy, ähli baýlyklar bolsa maddadandyr, adamyò hyzmatynda bolmalydyr.

(359-njy sah.) 


Ýagºylyk, päli päklik, ýagtylyk Alladandyr.

(403-nji sah.)