Ömür diýilýän zat üç sany galada geçýändir

Ömür diýilýän zat üç sany galada geçýändir. Ol galalaryò biri ömürlik, galan ikisi wagt taýdan biri-biriniò yzyndan gelýändir.


Ömürlik gala diýýänim — seniò Watanyòdyr, doglanyòdan tä Allanyò beren soòky gününe çenli sen ºonuò içindesiò.


Ikinji gala — seniò doglan, önüp-ösen öýüòdir. Bu galada sen ata-eneò mähri bilen kemala gelýärsiò. Bu gala saòa ezizdir. Çünki bu galada seniò üçin kökenek gerýän ata-eneò bardyr. Bu galada saòa dil bitendir. Bu galada sen kämil çykansyò. Bu gala saòa üçünji galada ýaºamagyòa ak pata berendir.


Üçünji gala — seniò öz saýlan söwer ýaryò bilen guran öýüòdir. Bu seniò gül-gunça bolup, many-mazmun bolup açylmaly galaòdyr. Sen bu galada ata-eneòe herdem minnetdar bolmalysyò, olara minnetdarlygyòy bildirip durmalysyò, asylly iºleriò bilen olaryò gowy perzent ýetiºdirendiklerini subut etmelisiò. Asyllylygyò, mertebäò, iºiò, hyzmatlaryò, hormatyò olaryò ömürlerine ömür goºar. Her günki berýän taòry salamyò, berýän goldawlaryò, hoº sözleriò bildiren minnetdarlygyò bolar. ªeýtseò, iýen duzuòy hakladygyò, alan mähriòi özüòe siòdirdigiò bolar.

(314-nji sah.)