Türkmen döwletiniò durmuº maksatly syýasaty «Durmuº-ykdysady
özgertmeleriò 2010-njy ýyla çenli döwür üçin Baº ugry»
maksatnamasynda öz beýanyny tapdy. Baº ugur Garaºsyzlyk ýyllarynda
gazanylan ykdysady ösüºleri hasaba almak bilen, halkyò durmuº
ýagdaýyny gowulandyrmak maksatnamalaryny ileri tutmak ugruny dowam
etdirýär. Häzir Türkmenistan esasy azyklyk önüm bolan gallany
özi öndürýän döwletleriò hataryna goºuldy. Ýurt ykdysady
howpsuzlyk babatdaky toplumlaýyn Maksatnamasynyò esasy bölegini
ýerine ýetirdi. Türkmen halkynyò iºleriniò we üstünlikleriniò
dünýäde ýokary baha mynasyp bolýandygy bizi begendirýär.
(280)
Ykdysady
ösüºiò depgini ähli ugurlarda 18 prosentden az bolmaly däldir!
Türkmenistanda özgertmeleriò Baº ugry
bellenilen döwürde ykdysady ösüºiò ortaça ýyllyk depgininiò
ykdysadyýetiniò ähli ugurlarynda 18 prosentden az bolmazlygyny göz
öòünde tutýar. 2010-njy ýyla çenli möhletde baº wezipeleriò
biri — önümçiligi ösdürmekdir. Hemiºe bolºy ýaly,
bu babatda esasy orun ýangyç-energetika toplumyna degiºlidir. Zähmeti
köp talap edýän pudaklara ünsi jemlemek bellenilýär. Mümkinçiliklerini
göz öòünde tutsaò, olaryò geljegi uludyr we bäsleºige gaýymdyr.
Olar: oba hojalygy, ýeòil, azyk senagaty, turizm, ýaºaýyº-jaý
gurluºygy we infrastrukturalaryò döredilmegidir.
(281)
2005-nji
ýyla çenli 2,5 million tonna pagta, 2,5 million tonna bugdaý öndürmek
bellenilýär
2010-njy ýyla çenli bolan döwürde oba hojalygynda
gazanylmaly ösüºleriò iò esasysy möhüm önümleriò — pagtanyò
we bugdaýyò öndüriliºini artdyrmak bolup durýar. 2005-nji ýylda
2,5 million tonna pagta, 2,5 million tonna bugdaý öndürmek
bellenilýär. Hut üstümizdäki ýylda 2 million tonna türkmen
gallasy ýygnaldy. Deòeºdirip göreliò: Garaºsyzlygyò birinji
ýylynda Türkmenistan 70 müò tonna galla öndüripdi. ªu
sanlarda biziò Garaºsyzlygymyzyò miweleri, biziò öz ilatymyzy,
ºeýle hem zeminiò adamlaryny ýaºaýyº üçin birinji derejeli
möhüm azyk önümi bilen üpjün etmek baradaky meseläni çözmäge
goºan goºandymyz aýdyò görünýändir. Milli ykdysadyýeti ösdürmegiò
uzak möhletleýin ugry bar bolan mümkinçiligiò ep-esli
artdyrylmagyny göz öòünde tutýar, bu bolsa öz gezeginde,
tutumly maýa goýumlarynyò goýulmagy bilen ºertlenýär.
2010-njy ýyla çenli maliýeleºdirmegiò ähli çeºmeleriniò
hasabyna maýa goýumlary 2000-nji ýyl bilen deòeºdireniòde 2,7
esse artar.
(281)
Ilatyò
ýaºaýyº derejesiniò ýokarlandyrmak
Türkmenistanyò 2010-njy ýyla çenli döwre niýetlenen
durmuº syýasatynyò özenini ilatyò ýaºaýyº derejesiniò görkezijilerini
ýokarlandyrmak meselesi eýeleýär. Hemiºe bolºy ýaly, büjet
seriºdeleriniò önjeýli bölegi durmuº pudagyna, onuò ösüºine
gönükdirilýär. Ilatyò ösmegini hasaba almak bilen, täze durmuº
desgalarynyò gurulmagy, döredilen infrastrukturanyò netijeli peýdalanylmagy
hem gözden salnanok. Ilata gazy, suwy, elektrik toguny, duzy mugt
bermegi dowam etdirip, ilatyò mätäç böleginiò goraga
alynjakdygy hem ýörite nygtalýar.
(282)
Ykdysadyýetiò
döwlete degiºli däl bölegi
Özgertmeleriò barºynda ykdysadyýetiò döwlete
degiºli däl bölegi-de ep-esli öser. Bu pudakda kärhanalaryò
sany mese-mälim köpeler. Bu özgertmeler eýeçiligiò ºahsy we
garyºyk görnüºleriniò ösdürilmegi, hususylaºdyrmagyò çaltlandyrylmagy,
hojalyk edaralarynyò (daýhan birleºikleriniò we alyjylar birleºikleriniò)
guramaçylyk-hukuk görnüºleriniò kämilleºdirilmegi bilen has-da
öòe gider. Maksatnama laýyklykda bellenen döwrüò aýaklarynda
üç müò sany döwlet kärhanasyny we desgalaryny hususy eýeçilige
bermek amala aºyrylar.
(282)
Maksadymyz — Türkmenistany
gülletmek
Biziò maksadymyz — Türkmenistany gülleýän
ýurda öwürmek, onuò her bir adam üçin ygtybarly, mähriban
öý bolmagyny gazanmak. Garaºsyz Türkmenistanyò ähli döwlet
maksatnamalarynyò esasynda halkyò hal-ýagdaýynyò derejesini gyºarnyksyz
ýokarlandyrmak, onuò hukuklarynyò mizemezligini gazanmak hyjuwy
durýar.
(282)
|